NASA Güni öwrenmek üçin PUNCH kiçi hemralaryny işe girizdi

  • 21.04.2025 14:35
  • 1.7k+

NASA 2025-nji ýylyň mart aýynda Güni we Gün şemallaryny öwrenmek maksady bilen, dört sany kiçi hemrany PUNCH (Polarimeter to Unify the Corona and Heliosphere) atly missiýanyň çäginde Ýere ýakyn pes orbita (570 km beýiklikde) uçurdy. Emeli hemralar aprel aýynda ilkinji synag suratlaryny üstünlikli düşürip, kameralarynyň we bort enjamlarynyň dogry işleýändigini tassykladylar.

PUNCH missiýasy Günüň täjinde (koronasynda) bolup geçýän hadysalary synlamak üçin, koronograf hökmünde hyzmat edýän, dar burçly kamera (NFI) bilen enjamlaşdyrylan bir sany emeli hemrany, şeýle hem Günden çykýan zarýadly bölejikleriň akymyny, ýagny Günüň şemalyny öwrenmek üçin, giň burçly kameralar (WFI) bilen enjamaşdyrylan üç sany emeli hemrany öz içine alýar.
Bu dört hemranyň ählisinden alnan suratlar bilelikde ulanylyp, Günüň täjinde bolup geçýän hereketleriň we Günüň şemallarynyň Ýere tarap ugrunyň doly şekilini döretmäge mümkinçilik berer. Ilkinji düşürilen suratlar eýýäm ýyldyz meýdanlaryny we ýyldyz toplumlaryny görkezýär, emma ylmy maglumat almak üçin, bu suratlarda fon ýagtylygynyň 99%-i aýrylyp, güýçsüz Gün şemalynyň akymlarynyň tapawutlandyrylmagy zerurdyr. Hemralaryň orbitadaky deňsiz-taýsyz ýerleşişi, ýagny gündiz bilen gijäniň arasyndaky çäk bolan terminator çyzygynyň golaýynda ýerleşmegi olara Güni ähli tarapdan diýen ýaly yzygiderli synlamaga mümkinçilik berer.
PUNCH missiýasynyň esasy maksady – Günüň energiýasynyň Gün şemalyna nädip öwrülýändigini we koronal massa zyňyndylarynyň nädip emele gelýändigini öwrenmekdir. Bu massa zyňyndylary Ýerde emeli hemralar, astronawtlar we elektrik ulgamlary üçin howp döredip bilýän magnit hadysalaryna sebäp bolup biler.


şu gün 13:48
769

Saud Arabystanynda kosmosy öwrenmek üçin daşdan ajaýyp toplum gurlar

Britaniýanyň Heatherwick Studio binagärlik şereketi kosmosy öwrenmek üçin niýetlenen desganyň we syýahatçylyk merkeziniň funksiýalaryny birleşdirjek innowasion toplum bolan AlUla Manara taslamasy bilen......

düýn 14:38
3.2k+

Mars Express Marsyň jülgelerinde 30 sany tozan "şeýtanyny" surata aldy

Mars Express orbita stansiýasy Marsdaky Mamers Valles sebitiniň — takmynan 1000 kilometre uzalyp gidýän giň jülgeler ulgamynyň — täze, detallaýyn suratyny Ýere iberdi. Suraty has ýakyndan öwrenenden soň,......

düýn 08:10
4.6k+

Barlaglar kalsiniň we D witamininiň süňkler üçin peýdalydygyny tassyklamady

Kanadaly alymlar kalsiniň, D witamininiň ýa-da ikisiniň utgaşmasynyň yzygiderli kabul edilmeginiň gartaşan adamlaryň köpüsinde süňk döwülmeleriniň we ýykylmalaryň töwekgelçiligini azaltmaga täsiriniň azdygyny......

21.06.2026 16:08
3.7k+

Kofehanadan ýangyç gaba: Günorta Koreýada kofe çökündisini ýangyja öwürmegiň usuly tapyldy

Günorta Koreýanyň Ýer ylymlary we mineral serişdeler institutynyň barlagçylary çygly we ulanylan kofe galyndysyny bary-ýogy 90 sekundyň içinde ýokary kaloriyaly bio-kömüre öwürmäge mümkinçilik berýän täze usul......