NASA-nyň barlaglary Aýda suwuň Gün ýeli netijesinde dörändigini görkezdi

  • 19.04.2025 17:54
  • 2.6k+

NASA-nyň alymlary Aýda suwuň Gün ýeliniň täsiri netijesinde emele gelýändigini anykladylar. Aý tozany bilen geçirilen synag Ýeriň tebigy hemrasynda suwuň gelip çykyşyny düşündirýän teoriýany tassyklady.

Aý atmosferasyz gurak kosmiki jisim, ýöne onuň üstündäki suw yzlary alymlary köpden bäri alada goýýar. Mundan ozal hünärmenler suwuň mikrometeoritler, buzly kometalar ýa-da kraterlerdäki aýasty ätiýaçlyklar tarapyndan getirilip bilinjekdigini öňe sürýärdiler. Emma NASA-nyň täze barlagy munuň Gün ýeli bilen baglydygyny tassyklady.
Goddard adyndaky kosmiki uçuşlar merkeziniň Li Sýa Ýeo-nyň  ýolbaşçylygyndaky topary Gün ýeliniň Aýa täsirini simulýasiýa edýän modeli döretdi. Alymlar 1972-nji ýylda “Apollon 17” missiýasy tarapyndan ýygnalan Aý tozanynyň we Aýyň howasyz gurşawyny görkezýän bölejik tizlendirijisi bolan ýörite kamerany ulandylar.

"Enjamy taslamak we hapalanmanyň çeşmelerini ýok etmek üçin köp synanyşyk edildi. Emma netije Gün ýeli teoriýasyny tassyklady" – diýip, NASA-nyň barlagçysy Jeýson Makleýn gürrüň berdi.

Synagda birnäçe günüň içinde Aýda 80 000 ýyl geçendäki ýaly ýagdaýy gurnap, tozany Gün ýeliniň täsirine sezewar etdiler. Ýel protonlary Aý regoliti bilen çaknyşyp, wodorod atomlaryny emele getirdi. Bularam minerallardaky kislorod bilen birleşip, gidroksil we suw molekulalaryny emele getirýär.
Muny tassyklamak üçin alymlar infragyzyl ýagtylygyň siňdirilişiniň 3 mikron azalandygyny görkezýän spektrometr ulandylar, bu bolsa suwuklygyň bardygynyň alamaty. Arassa suw tapylmasa-da, maglumatlar gidroksil we suw molekulalarynyň emele gelendigini tassyklaýar.


düýn 10:53
1.6k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.2k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....