Müsürde Tutanhamonyň kakasy Ehnatonyň döwrüne degişli gadymy şäher tapyldy

  • 16.04.2025 18:34
  • 7.2k+

Müsüriň Kom-el-Nugus sebitinde arheologlar faraon Tutanhamonyň kakasy Ehnaton bilen baglanyşykly diýlip çaklanylýan gadymy şäheri tapdy. Bu barada Live Science habar berýär.

Ehnaton Gün hudaýy Atona çokunmagy öňe sürüji hökmünde bellidir. Onuň ogly Tutanhamon sekiz-dokuz ýaşynda tagta çykypdyr. Häkimiýet başynda bolmak bilen, ol kakasynyň täze düzgünini ýatyryp, köp hudaýlylyga gaýdyp gelipdir.
Bu sebitde gazuw-agtaryş işleri 2013-nji ýylda başlady. Ozal bu oturymly ýer ellinizm döwrüne degişli hasap edilýärdi, ýöne täze maglumatlar Täze şalygy (b.e. öň 1550-1069 ý.), aýratynam, XVIII nesilşalygy görkezýär.
Bu ýerde Tutanhamonyň aýal dogany Meritatonyň ady bilen amfora tapyldy. Bu ol ýerde onuň şanyna çakyr önümçiliginiň bolandygyny aňladyp biler.
Şeýle-de, rim döwründe sökülen Ramses II-niň ybadathanasynyň bloklary tapyldy. Arheologlar köçeleriň we zeýkeş ulgamynyň böleklerini, şeýle-de gorag desgalarynyň alamatlaryny tapdy. Bu bolsa şäheriň harby ähmiýeti barada aýdyp biler.
Fransiýanyň Milli ylmy gözleg merkezinden (CNRS) arheolog Silwen Denniniň aýtmagyna görä, bu tapylan şäheriň näderejede uludygy barada takyk zat aýtmak mümkin däl. Ýöne saklanyp galan binalardan onuň ýeterlik derejede uludygy görünýär.


düýn 12:00
3.4k+

Aldawçylygyň aýlawly netijesi: alymlar zabun terbiýäniň çagalara ökdelik bilen aldamagy öwredýändigini subut etdiler

Çagalary terbiýelemekde aşa berk çemeleşme we fiziki temmi bermek tersine netijäni berýär. Garaşylýan tertip-terbiýäniň ýerine çagalarda ýalan sözlemek we aldamak meýilleri döreýär....

22.06.2026 23:12
4.8k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

19.06.2026 19:49
5k+

Saud Arabystanynda ilkinji halyflaryň biriniň ady ýazylan ýazgylar tapyldy

Saud Arabystanynyň Al-Mahd welaýatynda arheologlar yslam taryhynyň ikinji halyfy Omar ibn al-Hattabyň ady ýazylan gaýa ýazgylaryny tapdy....

17.06.2026 11:37
5.1k+

Alymlar el degirmän, galp suratlary tanamagy öwrendiler

O-de-Frans Politehniki uniwersitetiniň alymlary suratlaryň hakykylygyny anyklamagyň täzeçil usulyny işläp düzdüler. Bu oýlap tapyş kendiriň ýüzüne fiziki täsir etmegi talap etmeýär. Tehnologiýanyň anyk beýany......