Türkmenistan Ýaponiýa bilen senagat we energetika taslamalary boýunça birnäçe ikitaraplaýyn ylalaşyklara gol çekdi

  • 16.04.2025 17:52
  • 4.1k+

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýanyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşygynyň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna gol çekildi. 

Gol çekilen resminamalaryň hatarynda:

  • «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen «Kawasaki Heavy Industries, Ltd.» (Ýaponiýa), «Rönesans Endüstri Tesisleri Inşaat Sanayi ve Tijaret Anonim Şirketi» (Türkiýe) we «ITOCHU Corporation» (Ýaponiýa) kompaniýalar toparynyň arasynda Türkmenistanyň Ahal welaýatynda gazdan benzin öndürýän ikinji zawodyň taslamasyny düzmek, üpjün etmek we doly gurup tabşyrmak boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakynda Çarçuwaly ylalaşyk;
  • «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen «Mitsubishi Heavy Industries, Ltd.» (Ýaponiýa), «Gap Inşaat Yatirim ve Diş Tijaret Anonim Şirketi» (Türkiýe) we «Mitsubishi Corporation» (Ýaponiýa) kompaniýalar toparynyň arasynda Türkmenistanyň Balkan welaýatynyň Gyýanly obasynda kuwwatlylygy ýylda 1,155 müň tonna karbamid önümçilik zawodynyň taslamasyny düzmek, üpjün etmek we doly gurup tabşyrmak boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakynda Çarçuwaly ylalaşyk;
  • «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen «Toyo Engineering Corporation» (Ýaponiýa) we «Rönesans Endüstri Tesisleri Inşaat Sanayi ve Tijaret Anonim Şirketi» (Türkiýe) kompaniýalar toparynyň arasynda Türkmenistanda Gyýanlydaky polimer zawodyny düýpli abatlamak boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakynda Çarçuwaly ylalaşyk;
  • «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen «Kawasaki Heavy Industries, Ltd.» kompaniýasynyň arasynda 09.05.2024 senedäki (03.06.2024 senedäki HZM-740101) 02/24 belgili Çarçuwaly şertnama 2 belgili Goşmaça ylalaşyk;
  • Türkmenistanyň Energetika ministrligi bilen «Sumitomo Corporation» (Ýaponiýa) kompaniýasynyň arasynda açyk dolanyşykdaky elektrik stansiýalaryny utgaşykly dolanyşyk işine geçirmek taslamalary boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakynda Çarçuwaly ylalaşyk;
  • Türkmenistanyň Energetika ministrligi bilen Ýaponiýanyň «Muroosystems Corporation» kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
    Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komiteti bilen «Sumitomo Heavy Industries, Ltd.» (Ýaponiýa) kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
  • Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen «Tokio Boeki Euroasia Ltd.» kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
  • Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen Ýaponiýanyň «Tohkemy Corporation» kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
  • Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti bilen Ýaponiýanyň «Kubota» korporasiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
  • Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi bilen Çuo uniwersitetiniň Gözleg we ösüş başlangyjynyň arasynda parnik gazlarynyň milli sanawyny kämilleşdirmek we Pariž ylalaşygyna laýyklykda hasabat bermek boýunça mümkinçiligini ýokarlandyrmak barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
  • Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen “Nippon” eksport we maýa goýumy ätiýaçlandyryş agentliginiň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama bar.
  • Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen «Nippon» gaznasynyň we «JACAFA» gaznasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty bilen «Nippon» gaznasynyň we «JACAFA» gaznasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
  • Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen «Nippon» gaznasynyň we «JACAFA» gaznasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Şeýlelikde, ynanyşmak we özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda ösdürilýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň okgunly häsiýeti, gazanylan täze ylalaşyklar hem-de beýan edilen teklipleriň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi türkmen-ýapon hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam berer.


düýn 17:31
961

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:39
1.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.7k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
4.4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....