Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşdy

  • 16.04.2025 10:35
  • 5.3k+

15-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Tokioda Ýaponiýanyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşdy. Bu barada TDH habar berýär.

Duşuşyga ýapon tarapyndan Türkmen-ýapon ykdysady komitetiniň, «Mitsubishi Corporation», «Sumitomo Corporation», «Komatsu Ltd.», «Toyo Engineering Corporation», «Kawasaki Heavy Industries, Ltd.», «Sanko Seiko Co. Ltd.», «Muroosystems Corporation», «Tokyo Boeki Eurasia Limited», «Mitsubishi Heavy Industries, Ltd.», «Sumitomo Heavy Industries Ltd.», «Tohkemy Corporation», «ITOCHU Corporation» kompaniýalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Prezident Serdar Berdimuhamedow duşuşyga gatnaşyjylara ýüzlenip, Ýaponiýanyň öňdebaryjy tehnologiýalary, innowasiýalary, ykdysady we ekologiýa strategiýasyny ösdürmekde ýurdumyz üçin görelde bolup durýandygyny, ylymda, senagatda gazanan üstünlikleriniň, dolandyryş ulgamynda toplan özboluşly tejribesiniň Türkmenistan üçin örän möhümdigini aýtdy.

"Biz innowasion senagaty kämilleşdirmäge, «ýaşyl» ykdysadyýete geçmegi çaltlandyrmaga uly üns berýäris. Şeýle hem energetikany diwersifikasiýalaşdyrmaga, milli we halkara ulag arabaglanyşygyny ösdürmäge aýratyn orun degişlidir. Ýapon işewürleriniň bu ugurlaryň ählisine gatnaşmagy üçin amatly şertleriň bardygyny bellemek isleýärin" diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow sözüni dowam etdi we Türkmenistanyň ykdysadyýetine uzak möhletli maýa goýumlary goýmak üçin örän gowy mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy hem-de ýurdumyzdaky syýasy durnuklylygy, durnukly ykdysady ösüşi, baý serişde binýadyny, düzümleýin özgertmeleri, innowasion ösüşe döwlet goldawyny, amatly maýa goýum ýagdaýyny munuň üçin amatly şertleriň hatarynda belledi.

Döwlet Baştutany çykyşynyň dowamynda käbir sanlary we maglumatlary getirdi.
Bellenilişi ýaly, soňky ýyllarda Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň ösüşi 6 göterimden gowrak derejede durnukly saklanýar. Golaýda Halkara pul gaznasy ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň durnukly ösýändigini tassyklady. Ýakyn ýyllarda ýurdumyzyň jemi içerki önüminiň ösüşiniň 6,3 — 8,3 göterim bolmagyna garaşylýar. Bu bolsa Türkmenistanyň şu görkeziji boýunça diňe bir sebitde däl, eýsem, bütin dünýäde hem öňdebaryjy orunlarda boljakdygyna şaýatlyk edýär. Milli ykdysadyýetimiz, esasan, döwlet we hususy maýa goýumlaryň hasabyna ösýär. Her ýyl bu ulgama goýulýan maýa goýumlaryň möçberi jemi içerki önümiň 40 göteriminden hem geçýär. Şonuň 15 göterimi bolsa daşary ýurt maýa goýumlarynyň paýyna düşýär. Ýurduň senagat-innowasion ösüşi maýa goýumlaryň umumy möçberiniň 65 göteriminden gowragynyň önümçilik pudagyna gönükdirilmegi arkaly üpjün edilýär.
Häzirki döwürde ýurdumyzda ýapon kompaniýalarynyň gatnaşmagynda 44 sany maýa goýum taslamasy hasaba alyndy. Olaryň umumy bahasy 11 milliard amerikan dollaryndan geçýär. Şeýle hem bahasy 256 million ýewro we 190 milliard iýene golaý bolan taslamalar durmuşa geçirilýär diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi we iri ýapon kompaniýalarynyň Türkmenistanda köp ýyllaryň dowamynda alyp baran üstünlikli işine ýokary baha berip, munuň üçin minnetdarlyk bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, «Itochu Corporation», «Kawasaki Heavy Industries», «Mitsubishi Corporation», «Sojitz Corporation», «Toyo Engineering», «Mitsui», «Sumitomo Corporation» we beýleki korporasiýalaryň türkmen ykdysadyýetiniň ösüşine goşýan uly goşandy bellenildi.
Soňky ýyllarda ýapon kompaniýalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanda iri senagat desgalary işe girizildi. Şolardan Garabogazdaky ammiak we karbamid öndürýän gazhimiýa toplumyny, Gyýanlydaky polimer zawodyny, Owadandepedäki tebigy gazdan benzin öndürýän zawody we Çärjew etrabyndaky gaz turbinaly elektrik stansiýasyny görkezmek bolar. «Komatsu» ýer gazyjy tehnikalarynyň, «Toyota» kysymly awtoulaglaryň ýurdumyza getirilýändigini bellemek isleýärin. Bu işlere Ýaponiýanyň Hökümet edaralarynyň, Ykdysadyýet, söwda we senagat ministrliginiň, Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň (JBIC) hem-de Eksporty we maýa goýumlary ätiýaçlandyryş ýapon agentliginiň (NEXI) ýardam berendigini aýtmak gerek diýip, Serdar Berdimuhamedow belledi we Türkmenistanyň uzak möhletli maýa goýumlary goýmak hem-de netijeli hyzmatdaşlyk etmek üçin ýapon işewürlerine ähli şertleri döretmäge taýýardygyny tassyklady.
Döwlet Baştutany energetika, ulag we logistika pudaklaryny ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezip, ýokary tehnologiýaly we ekologik taýdan arassa önümçilikleriň, suw serişdeleri ulgamyny döwrebaplaşdyrmagyň we hünärmenleri taýýarlamagyň möhüm ähmiýetini nygtady.
Işewürler Türkmenistanyň Prezidentini Ýaponiýa ilkinji sapary bilen tüýs ýürekden gutladylar hem-de wagt tapyp şu duşuşyga gatnaşandygy üçin hoşallyk bildirdiler. Şeýle-de olar “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisine gatnaşýan 160-a golaý döwletiň arasynda Türkmenistanyň ilkinji bolup Milli gününi üstünlikli geçirmegi mynasybetli döwlet Baştutanymyza gutlaglaryny beýan etdiler. Ýapon işewürleri “EKSPO” sergisi geçiriljek şäheriň saýlanan döwründe Türkmenistanyň Osaka şäheriniň dalaşgärligini ilkinjileriň hatarynda goldandygy, soňra ilkinji bolup milli pawilýonyny gurmak barada haýyşnama berendigi üçin hoşallyklaryny beýan etdiler.
Duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Ýaponiýa saparynyň maksatnamasyny tamamlap, Prezident Serdar Berdimuhamedow Watanymyza dolandy.


düýn 23:01
572

Türkmenistanyň DIM-inde FAO bilen hyzmatdaşlygyň netijeleri we meýilnamalary maslahatlaşyldy

2026-njy ýylyň 5-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ýurduň BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO) bilen hyzmatdaşlygyna bagyşlanan brifing geçirildi. Çärä Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçylary we işgärleri, ýurtda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň, halkara guramalaryň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy...

düýn 22:58
1k+

Türkmenistan Bişkekdäki B5+1 forumynyň çäklerinde SpaceX bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

2026-njy ýylyň 4-5-nji fewralynda Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri M. Astanagulowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Bişkekde geçirilen ikinji B5+1 işewürlik forumyna gatnaşdy. Forum Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we ABŞ-nyň döwlet edaralarynyň hem-de işewürlik toparlarynyň wekillerini ýygnady...

düýn 13:15
1.8k+

Raşid Meredow BAE-niň wise-prezidenti bilen bilelikdäki taslamalary maslahatlaşdy

4-nji fewralda Abu-Dabide Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşygy boldy...

düýn 13:14
921

Türkmenistanyň DIM-inde Malaýziýanyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

4-nji fewralda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Malaýziýanyň Türkmenistandaky ilçisi Mohd Suhaimi Bin Ahmad Tajuddin bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugy habar berýär...