Serdar Berdimuhamedow Sukuba uniwersitetiniň hormatly doktory boldy

  • 15.04.2025 18:30
  • 7.5k+

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Ýaponiýanyň iň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Sukuba uniwersitetiniň «hormatly doktory» diýen at dakyldy. 15-nji aprelde «Imperial Tokyo» myhmanhanasynda Sukuba uniwersitetiniň prezidenti Kýosuke Nagata Türkmenistanyň Prezidentine bu akademiki derejäniň degişli diplomyny gowşurdy diýip, "Türkmenistan" gazetiniň elektron neşiri habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ýaponiýa bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge uly üns berýändigini, şunda bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyga hem aýratyn ornuň degişlidigini belledi. Häzirki wagtda iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda göni gatnaşyklar ýola goýuldy. Hususan-da, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda degişli resminamalar hereket edýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň türkmen-ýapon gatnaşyklaryny geljekde has-da berkitmek üçin bilelikdäki işleri dowam etdirmäge taýýardygyny tassyklady.
Soňra jenap Kýosuke Nagata hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Sukuba uniwersitetiniň «hormatly doktory» diýen adyň diplomyny dabaraly ýagdaýda gowşurdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz bu sylagyň Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň, aýratyn-da, bilim ugurly hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini beýan edýändigini aýdyp, şeýle ada eýe bolmagyň özi üçin uly hormatdygyny belledi. Şunda Gahryman Arkadagymyza hem Sukuba uniwersitetiniň «hormatly doktory» diýen alymlyk derejesiniň berlendigini nygtamak gerek. Milli Liderimize bu akademiki derejäni tassyklaýan degişli diplom 2015-nji ýylyň martynda Sendaý şäherinde geçirilen BMG-niň tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça III Bütindünýä sammitine gatnaşmak maksady bilen Ýaponiýa amala aşyran iş saparynyň çäklerinde gowşurylypdy.


27.06.2026 19:38
5.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......