Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary italiýaly kärdeşi bilen duşuşyk geçirdi

  • 11.04.2025 22:48
  • 3.7k+

9-njy aprelde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanow bilen Italiýanyň daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministriniň orunbasary Edmondo Çirielliniň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.

Duşuşygyň dowamynda energetika geçişi, suw çeşmeleri, saglygy goraýyş, oba hojalygy, ýokary bilim we ulag ýaly meseleleri öz içine alýan “2024-2025-nji ýyllar üçin Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Italiýanyň arasyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň torlaryny döretmek boýunça Hereketleriň meýilnamasyny” tassyklamak başlangyjy boýunça pikir alyşmalar geçirildi.
Söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygynyň möçberini ýokarlandyrmagyň ýollaryna aýratyn garaldy.
Nebit-gaz we demir ýol pudaklary, dokma senagaty, oba hojalygy we suw dolandyryşy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kegitlenildi.
Mundan başga-da, ynsanperwer ulgamda, hususan-da bilim, arheologiýa we medeniýet ugurlarynda gatnaşyklary berkitmek baradaky özara ygrarlylyk bellenildi.


düýn 19:38
3.5k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.4k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......