Raşid Meredow Efiopiýanyň daşary işler ministri bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

  • 09.04.2025 14:54
  • 1.8k+

8-nji aprelde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Efiopiýa Federal Demokratik Respublikasynyň daşary işler ministri Gedion Timotewos bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär.

Iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäginde Türkmenistanda geçiriljek çärelere Efiopiýadan ýokary derejeli wekiliýetiň gatnaşmagynyň mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdylar.
Taraplar iki ýurduň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Döwletara gatnaşyklarynyň hukuk binýadyny giňeltmek barada pikir alyşmalar geçirildi.
Iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky yzygiderli dialogy ýola goýmagyň zerurlygyna aýratyn ähmiýet berildi we parlamentara hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.


düýn 17:31
961

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:39
1.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.7k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
4.4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....