11-nji aprelde Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda gibrid görnüşli halkara maslahat geçiriler

  • 08.04.2025 19:04
  • 3.9k+

2025-nji ýylyň 11-nji aprelinde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda “Ylym, tehnologiýa we parahatçylyk: durnukly ösüşe barýan ýollar” atly gibrid görnüşli halkara ylmy maslahat geçiriler.

Halkara maslahata Eýrandan, Germaniýadan, Türkiýeden, Birleşen Arap Emirliklerinden, Hytaý Halk Respublikasyndan, Özbegistandan wekilleriň gelmegine, Russiýa Federasiýasynyň wekilleriniň sanly ulgam arkaly gatnaşmagyna garaşylýar. Şeýle hem Türkmenistanyň alymlarynyň çykyşlary göz öňünde tutulýar.
Jemi 90-dan gowrak çykyşlar meýilleşdirilýär.
Ylmy maslahatyň işi umumy mejlisde we bölümlerde alnyp barlar. Bölümler şulardan ybarat:

  • Himiki tehnologiýalar we ekologiýa;
  • Nanotehnologiýalar we energetika;
  • Bio-, iýmit we derman serişdelerini öndürmegiň tehnologiýalary;
  • Maglumat-aragatnaşyk we geografiki maglumat ulgamlary tehnologiýalary;
  • Innowasion ykdysadyýet.

Maslahat ylym we tehnologiýa boýunça gazanylan netijeleri, olaryň önümçilige ornaşdyrylyşyny, parahatçylyga we ösüşe ýetmekde ylmyň we tehnologiýalaryň möhüm ornuny, ylmyň we tehnologiýalaryň gündelik durmuşa edýän täsirini açyp görkezmegi maksat edinýär.


düýn 10:53
1.6k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.2k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....