Serdar Berdimuhamedow Samarkant halkara klimat forumynda Türkmenistanyň başlangyçlaryny öňe sürdi

  • 05.04.2025 11:39
  • 4.4k+

4-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Samarkantda geçirilen “Merkezi Aziýa ählumumy howa meseleleriniň öňünde: bilelikdäki abadançylyk üçin jebislik” atly halkara foruma gatnaşdy. Forum “Silk Road Samarkand” toplumynyň Kongres merkezinde guralyp, howanyň üýtgemegi meseleleri babatda dünýä ähmiýetli wakalaryň birine öwrüldi diýip, TDH habar berýär.

Foruma Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlary, Ýewropa Bileleşiginiň ýolbaşçylary, dünýäniň öňdebaryjy bilermenleri, daşary ýurtlaryň birnäçesiniň döwlet işgärleri we Hökümet agzalary, halkara guramalaryň, iri maliýe düzümleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Forumyň barşynda BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň sanly ulgam arkaly ýüzlenmesi görkezildi. Onda abraýly halkara guramanyň ýolbaşçysy seredilýän meseläniň hem-de Merkezi Aziýa sebitiniň döwletleriniň öňe sürýän başlangyçlarynyň möhümdigini aýratyn nygtap, häzirki zaman dünýäsiniň umumy ekologik meselelerini çözmek boýunça tagallalary birleşdirmäge gönükdirilen klimat forumynyň işine üstünlikleri arzuw etdi. Soňra forumyň belent mertebeli myhmanlaryna söz berildi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow forumda çykyş edip, howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleriň «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» formatynyň çäginde hemişe aýratyn orny eýeleýändigini belledi. Häzirki wagtda biziň esasy wezipämiz hyzmatdaşlygyň esasy we ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemekden hem-de olary durmuşa geçirmek üçin üýtgewsiz şertleri döretmekden ybaratdyr. Umuman, biz howa gün tertibiniň meseleleri babatda Ýewropa Bileleşigini geljegi uly hyzmatdaş hasaplaýarys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz şunda iň möhüm meseläniň kömürturşy gazyny we metan zyňyndylaryny azaltmakdan ybaratdygyna ünsi çekdi. Mälim bolşy ýaly, soňky döwürde Türkmenistan bu ugurda köp işleri amala aşyrdy. 2023-nji ýylda metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça topar döredildi. Şol ýylyň dekabrynda Türkmenistanyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulandygy resmi taýdan yglan edildi. Hökümet howada metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça Türkmenistanyň daşary ýurt döwletleri we halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk etmeginiň “Ýol kartasyny” kabul etdi. Netijede, diňe 2024-nji ýylyň ahyryna çenli Türkmenistanda metan zyňyndylary 11 göterim azaldy. Bu bolsa meýilnamada bellenen derejeden ýokarydyr.
Türkmenistanyň ekologiýa başlangyçlaryny durmuşa geçirmek hem hyzmatdaşlygyň möhüm ugrudyr. Bu başlangyçlar hemmelere mälim bolup, sebit we ählumumy häsiýete eýedir. Şolaryň hatarynda Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek we ýapyk aýlanyşykly ykdysadyýete geçmek maksatnamasyny taýýarlamagy görkezmek bolar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we Türkmenistanyň olary durmuşa ornaşdyrmakda Ýewropa Bileleşiginiň goldawyna bil baglaýandygyny aýtdy.
Sebitde ekologik, durmuş-ykdysady we ynsanperwer abadançylygyň esasy meseleleriniň biri-de Araly halas etmekdir. Türkmenistan bu meseläniň halkara derejede has anyk we maksada gönükdirilip ara alnyp maslahatlaşylmagyna garaşýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalary esasynda Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň işine ýardam bermek boýunça çäreleriň işlenip taýýarlanylmagyna bil baglaýar. Bu resminamalaryň doly durmuşa geçirilmegi üçin bilelikde tutanýerli işlemegi teklip edýäris diýip, döwlet Baştutany belledi.
5-nji aprelde forum öz işini “Ýaşyl” ykdysadyýet durnukly ösüşe barýan ýoldur”; “Merkezi Aziýanyň biologik köpdürlüligini we tebigy ekoulgamlaryny aýawly saklap galmak klimat wehimlerine jogapdyr”; “Arassa energetika — durnukly we ekologik ösüşiň esasy”; “Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi şertlerinde suw serişdelerini utgaşykly dolandyrmak”; “Ýaşlar geljege ynamly garaýar”; “Durnukly şäherler we howa meseleleri: toplumlaýyn meýilleşdiriş we dolandyryş”; “Ylmy çemeleşmeler we howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleriň innowasion çözgütleri: ählumumy wehimler we ýerli strategiýalar” atly bölümçelerde dowam eder.
Iki günlük iş saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soňra, Prezident Serdar Berdimuhamedow Samarkant şäheriniň Halkara howa menzilinden Watanymyza ugrady.


düýn 23:55
8.3k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Eýranyň Beýik ruhy Lideriniň aradan çykmagy zerarly gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň adyndan Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkiana we eýran halkyna Eýran Yslam Respublikasynyň Beýik ruhy Lideri Aýatolla Seýed Ali Hoseýni Hameneýiniň biwagt aradan çykmagy zerarly gynanç hatyny iberdi...

düýn 23:06
2.8k+

Serdar Berdimuhamedow häkimlere ýazky meýdan işleri boýunça tabşyryklary berdi

2-nji martda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk meselelerine gözegçilik edýän orunbasary T. Atahallyýewiň we welaýat häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi...

düýn 16:44
10k+

Türkmenistanyň DIM-i Ýakyn Gündogardaky ýagdaý bilen baglylykda aladalanma bildirdi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Ýakyn Gündogardaky ýagdaýyň ýitileşmegi bilen baglylykda aladalanma bildirýär we onuň bu ýagdaýy düzgünleşdirmek boýunça diplomatik tagallalaryň dowam edýän şertlerinde ýüze çykmagynyň gynanç döredýändigini beýan edýär diýlip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy belleýär...

düýn 14:56
857

Geçen hepde Döwlet haryt-çig mal biržasynda geleşikleriň bahasy 12 mln dollardan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 21-si hasaba alyndy. Bu barada TDH agentligi habar berýär. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň...