Serdar Berdimuhamedow Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy

  • 03.04.2025 22:44
  • 8k+

3-nji aprelde Samarkanda iş saparynyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.

Duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler türkmen-özbek gatnaşyklarynyň giň ugurlarda, şol sanda oba hojalygynda, elektrik energetikasynda, nebitgaz toplumynda, himiýa senagatynda we beýleki pudaklarda okgunly ösdürilýändigini kanagatlanma bilen bellediler.
Ulag we energetika geçelgelerini döretmäge, sebitara gatnaşyklary pugtalandyrmaga, şeýle hem Merkezi Aziýada durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça möhüm meseleleri çözmek babatda alnyp barylýan bilelikdäki işlere aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, şu Sammitiň Merkezi Aziýanyň we Ýewropa Bileleşiginiň arasynda has netijeli we özara       bähbitli hyzmatdaşlygyň ýolunda möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirildi.
Şeýle hem soňky döwürde iki ýurduň işewür toparlarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň has işjeňleşendigi bellenildi. Şunda entek ulanylmadyk uly mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy. Şolardan netijeli peýdalanylmagy, gürrüňsiz, özara bähbitlere hyzmat eder. Şunuň bilen baglylykda, Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň işini mundan beýläk-de işjeňleşdirmegiň maksadalaýyk boljakdygy bellenildi.
Ynsanperwer ulgamda, ylym, bilim we medeniýet ugurlarynda özara gatnaşyklar netijeli häsiýete eýedir. Bellenilişi ýaly, bu babatda Türkmenistan  we Özbegistan baý tejribe topladylar. Bu tejribe häzirki döwrüň talaplaryna hem-de iki döwletiň erk-isleglerine laýyklykda ösdürilýär we baýlaşdyrylýar.


27.06.2026 19:38
5.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......