Aşgabatda energetika hyzmatdaşlygy boýunça türkmen-rumyn iş toparynyň mejlisi geçirildi

  • 02.04.2025 11:02
  • 2.6k+

1-nji aprelde Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň binasynda Energetika babatda hyzmatdaşlyk etmek boýunça türkmen-rumyn iş toparynyň sekizinji mejlisi geçirildi.

Mejlisiň işine rumyn tarapyndan Rumyniýanyň Energetika ministrliginiň Döwlet sekretary Pawel-Kasian Nituleskunyň ýolbaşçylygynda ýurdumyza sapar bilen gelen wekiliýet gatnaşdy. Türkmen tarapyndan Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, «Türkmengaz», «Türkmennebit», «Türkmenhimiýa» döwlet konsernleriniň, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, Energetika ministrliginiň «Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň, «Deňiz söwda floty» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň wekilleri gatnaşdylar.
Mejlisiň barşynda iş toparynyň ýedinji mejlisiniň çözgütleriniň ýerine ýetirilişi barada maglumatlar diňlenildi.
Taraplar energetika ulgamynda hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmäge we gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen anyk çäreleri-de ara alyp maslahatlaşdylar. Bu babatda öňde durýan wezipeler kesgitlenildi. Energetika babatda hyzmatdaşlyk etmek boýunça türkmen-rumyn iş toparynyň sekizinji mejlisiniň netijeleri boýunça degişli Teswirnama gol çekildi.
Saparynyň çäklerinde rumyniýaly myhmanlar paýtagtymyzdaky Türkmen halysynyň milli muzeýine hem baryp gördüler.


20.06.2026 11:54
5.5k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

18.06.2026 12:32
5.7k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

18.06.2026 10:46
2.1k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......