Oguljahan Atabaýewa Gazagystanyň saglygy goraýyş ministri bilen duşuşdy

  • 29.03.2025 12:47
  • 29k+

28-nji martda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa bilen «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi» atly halkara maslahata gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Gazagystan Respublikasynyň saglygy goraýyş ministri hanym Akmaral Alnazarowanyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Gazagystan Respublikasynyň saglygy goraýyş ministri, öz gezeginde, halkara foruma gatnaşmak üçin döredilen mümkinçilige hoşallygyny beýan edip, bu maslahatyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistanda geçirilmeginiň aýratyn many-mazmuna eýedigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň sebitde we dünýäde ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmakdaky ähmiýetine üns çekildi.
Bellenilişi ýaly, haýyr-sahawat gaznasyndan howandarlyga mätäç çagalara paýtagtymyzyň we welaýatlaryň lukmançylyk edaralarynda dürli operasiýalary geçirmek, çagalar öýlerinde, ýöriteleşdirilen mekdeplerde, mekdep-internatlarda terbiýelenýän hem-de bilim alýan çagalaryň saglygyny bejermek, olar üçin lukmançylyk maksatly serişdeleriň satyn alynmagyna gönükdirilen maliýe serişdelerini bölüp bermek yzygiderli häsiýete eýe boldy. Dünýäniň birnäçe döwletlerine ynsanperwerlik kömeginiň iberilmegi bu düzümiň ýurtlaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge-de möhüm goşant goşýandygynyň aýdyň mysalydyr.
Myhman gaznanyň işine ýokary baha berip, bu işleriň Türkmenistanda çagalaryň sazlaşykly we sagdyn ösmegine aýratyn üns berilýändiginiň anyk görkezijisi bolup durýandygyny belledi.


düýn 19:38
3.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.3k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......