Türkmenistan Samarkantda geçiriljek «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» sammite gatnaşar

  • 29.03.2025 08:31
  • 6.5k+

3-4-nji aprelde Samarkantda (Özbegistan) Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň hem-de Ýewropa Geňeşiniň we Ýewropa Komissiýasynyň başlyklarynyň gatnaşmagynda «Ýewropa Bileleşigi — Merkezi Aziýa» formatyndaky ilkinji sammit geçiriler. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Serdar Berdimuhamedow Özbegistana boljak iş saparyna ýokary derejede taýýarlyk görmegi tabşyrdy. Bu barada anna güni Hökümet mejlisinde aýdyldy.

27-nji martda Aşgabatda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň 20-nji duşuşygy geçirildi. Onuň netijeleri boýunça Bilelikdäki Beýanat kabul edildi. Şeýle hem duşuşygyň çäklerinde Samarkantda geçiriljek sammite taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Sammitiň gün tertibine söwda-ykdysady, maýa goýum, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri, “ýaşyl” ykdysadyýet, ulag, sanlylaşdyrmak ýaly ugurlarda özara gatnaşyklary işjeňleşdirmek bilen bagly meseleler girizildi. Şeýle-de sammitiň çäklerinde birnäçe ýokary derejeli ikitaraplaýyn duşuşyklaryň geçirilmegi meýilleşdirilýär.


düýn 22:17
784

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

düýn 19:20
3k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

22.06.2026 16:02
1.2k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4.1k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......