Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

  • 28.03.2025 10:55
  • 3.8k+

27-nji martda Prezident Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň 20-nji duşuşygyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri Bahtiýor Saidowy kabul etdi. Bu barada TDH habar berýär.

Duşuşygyň barşynda Merkezi Aziýa sebitiniň ýurtlarynyň köptaraplaýyn görnüşde hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge ygrarlydyklary bilen baglylykda, Samarkantda geçiriljek “Ýewropa Bileleşigi — Merkezi Aziýa” birinji sammitiniň möhüm ähmiýeti nygtaldy. Şeýle-de özara gyzyklanma bildirilýän ugurlaryň birnäçesinde däp bolan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Mälim bolşy ýaly, köpugurly hyzmatdaşlykda söwda-ykdysady gatnaşyklara aýratyn orun degişlidir. Ikitaraplaýyn haryt dolanyşygy ýokary görkezijilere eýedir, ýangyç-energetika, ulag-logistika, oba hojalygy pudaklarynda gatnaşyklar işjeň giňeldilýär.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti we Özbegistanyň daşary işler ministri medeniýet, ylym-bilim ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdürilýändigini kanagatlanma bilen bellediler. Munuň özi doganlyk halklarymyzyň has-da ýakynlaşmagy, asyrlar aşyp gelýän dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagy üçin özboluşly köpri bolup hyzmat edýär. Serdar Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan Özbegistan Respublikasy bilen iki doganlyk halkyň abadançylygynyň bähbidine strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagy maksat edinýär.


27.06.2026 19:38
5.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......