Serdar Berdimuhamedow Täjigistanyň daşary işler ministrini kabul etdi

  • 28.03.2025 10:47
  • 2.1k+

27-nji martda Prezident Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň nobatdaky duşuşygyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddini kabul etdi. Bu barada TDH habar berýär.

Döwletara hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy hem-de geljekki mümkinçilikleri barada pikir alyşmalaryň çäklerinde taraplar Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasyndaky dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň uzak möhletli hem-de strategik häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen bellediler. Şunuň bilen baglylykda, ýurtlarymyz häzirki wagtda ikitaraplaýyn görnüşde hem-de Birleşen Milletler Guramasy, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly iri sebit we halkara guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlyk edýärler. Iki döwletiň Liderleriniň arasyndaky özara ynanyşmak gatnaşyklarynyň, yzygiderli geçirilýän ýokary derejedäki duşuşyklaryň we gepleşikleriň netijeleriniň hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm şerti bolup durýandygy nygtaldy.
Duşuşygyň dowamynda diplomat Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk ýubileýiniň ähmiýetini belledi. Dostlukly ýurduň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimizi BMG-niň Baş Assambleýasynyň “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Kararnamasynyň üçünji gezek kabul edilmegi bilen gutlady hem-de bu Kararnamalaryň awtordaşy bolan Täjigistanyň şanly sene mynasybetli şu ýyl geçiriljek halkara çärelere gatnaşmaga, şeýle hem ýurdumyzyň netijeli başlangyçlaryny mundan beýläk-de goldamaga taýýardygyny tassyklady.
Söwda-ykdysady gatnaşyklar ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň biri boldy. Şunda söwda, ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk ulgamlarynda iri taslamalary durmuşa geçirmek boýunça giň mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy.
Medeni-ynsanperwer ulgam döwletara hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Şu babatda bilim-ylym, saglygy goraýyş we medeniýet ulgamlarynda hyzmatdaşlyk aýratyn orny eýeleýär.


düýn 19:38
2.9k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.2k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......