Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Prezidenti Ylmy diplomatiýa boýunça global dialoga gatnaşdy

  • 28.03.2025 06:06
  • 2.4k+

25-26-njy martynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Prezidenti Allaberdi Aşirow ÝUNESKO-nyň Pariž şäherindäki edara binasynda geçirilen Ylmy diplomatiýa boýunça global ministrler dialogyna gatnaşdy.

Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, dialog Durnukly ösüş üçin halkara ylmy onýyllygyň (2024–2033) çäginde guraldy. Onuň barşynda dünýäniň dürli künjeklerinden ministrler, diplomatlar we öňdebaryjy alymlar ählumumy kynçylyklary çözmekde, halkara hyzmatdaşlygyny berkitmekde we durnukly ösüş ýörelgelerini ösdürmekde ylmy diplomatiýanyň ähmiýetini ara alyp maslahatlaşdylar.
Çäre “Çalt üýtgeýän dünýäde ylmy diplomatiýa: erkekleriň we zenanlaryň aňynda parahatçylygy berkitmek” şygary astynda geçirildi. Mejlisleriň dowamynda gatnaşyjylar ylmy hyzmatdaşlyk, ylmy maglumatlaryň elýeterliligi, gözleg howpsuzlygy we parahatçylykly dialogyň guraly hökmünde ylmyň ulanylmagy bilen baglanyşykly möhüm meselelere garadylar.
Duşuşygyň netijeleri boýunça Bilelikdäki ministrler beýannamasy kabul edildi.


şu gün 19:38
104

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

şu gün 19:26
128

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

düýn 20:55
2.6k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......