Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ählihalk bag ekmek dabarasy geçirildi

  • 23.03.2025 13:14
  • 8k+

22-nji martda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýurdumyzda ählihalk bag ekmek dabarasy geçirildi.

Dabara Mejlisiň Başlygy, wise-premýerler, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, daşary döwletleriň we halkara guramalaryň ýurdumyzdaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, şeýle hem halk köpçüligi gatnaşdy.
Döwlet Baştutany ählihalk bag ekmek dabarasynyň geçirilýän ýeri bolan paýtagtymyzyň günorta künjegine geldi.
Serdar Berdimuhamedow ýörite taýýarlanylan ýerde bag nahalyny oturdyp, ählihalk bag ekmek dabarasyna badalga berdi.
Çäräniň dowamynda Serdar Berdimuhamedow käbir wise-premýerler bilen gürrüňdeş boldy.


Wise-premýer T.Atahallyýew tutuş ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan ählihalk bag ekmek dabarasynyň barşy barada hasabat berdi.
Wise-premýer B.Annamämmedow baş şäherimizi abadanlaşdyrmak, onuň çäklerinde arassaçylyk işlerini geçirmek babatda ýerine ýetirilýän işler, paýtagtymyzda alnyp barylýan gurluşyk işleri barada hasabat berdi.

Şeýle hem çäräniň çäklerinde  ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň gatnaşmagynda “Dünýäniň aşhanalary” atly halkara aşpezlik bäsleşigi geçirildi.
Bu ýerde Prezident Serdar Berdimuhamedow dürli ýurtlaryň halklarynyň aşhanasynyň birnäçe tagamlaryny taýýarlamagyň usullary we aýratynlyklary bilen gyzyklandy.
Bäsleşige gatnaşyjylar döwlet Baştutanyny milli aşhanalar üçin däp bolan tagamlaryň aýratynlyklary bilen tanyşdyrdylar.
Şeýle hem bäsleşigiň çäklerinde türkmen aşhanasynyň dürli  tagamlary bilen tanyşdyryldy.


düýn 20:55
1.7k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......