Tesla Hytaýyň Baidu kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygy berkidýär

  • 15.03.2025 12:11
  • 4.5k+

Tesla Hytaýda sürüjä kömek ulgamyny (ADAS) gowulandyrmak üçin Hytaýyň Baidu kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk edýär diýip, çeşmelere salgylanýan Reuters habar berýär.

Çeşmeleriň berýän habaryna görä, Baidu ýol örtükleri we ýolyşyk yşaratlary ýaly nawigasiýa maglumatlaryny Full Self-Driving (FSD)  programma üpjünçiliginiň 13-nji wersiýasyna birleşdirmek üçin Teslanyň Pekindäki ofisine kartalaşdyryş toparynyň inženerlerini iberdi. Olaryň sany we Teslada işlemeli möhleti anyk aýdylmaýar, ýöne taslamanyň maksady FSD V13-e Hytaýyň ýollary barada has takyk maglumatlary bermekden ybarat.
Hyzmatdaşlyk Hytaýda we ABŞ-da maglumat ýygnamagyň düzgünleriniň has berkleşmeginiň, munuň bolsa hytaý bazarynda doly awtopilot öndürmegi kynlaşdyrýandygynyň fonunda çuňlaşýar. ABŞ-da AI-niň ýerli şertlere uýgunlaşdyrylanlygy sebäpli, FSD karta az garaşly. Hytaýda Tesla özüniň 2 million elektrik ulagy baradaky maglumatlary, kanunçylyk we şuňa meňzeş softy  tölegsiz hödürleýän BYD hem-de Xpeng bilen bäsdeşlik sebäpli, ulanyp bilmeýär. Baidu üçin Tesla bilen hyzmatdaşlyk uly goldaw bolup biler, çünki onuň AI boýunça başlangyçlary DeepSeek we ByteDance ýaly garşydaşlarynyňkydan yzda galýar. Tesla bilen Baidu häzirlikçe düşündiriş bermekden saklandy. 


düýn 18:36
2.3k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

düýn 17:04
1.9k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

düýn 08:16
2.5k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....