30 million ýyl ozal ýaşan akulalar barada täze maglumatlar açyldy. Olar 8 gatly binanyň ululygynda bolupdyr

  • 13.03.2025 14:23
  • 9k+

Palaeontologia Electronica žurnalynda çap edilen täze barlag akulalaryň gadymy ata-babalary bolan megalodonyň (Otodus megalodon) gurluşy barada täze maglumatlary açdy. Olar 24 metre çenli ösüp bilýän eken. Mundan ozal alymlar onuň uzynlygy 18–20 metrden geçmändir diýip çaklaýardylar.

SeaWorld seýilgähiniň hünärmeni we barlagyň şärikdeş awtory Fillip Sternes Live Science-a öňki çaklamalaryň akulanyň dişiniň ululygyna esaslanandygyny düşündirdi. Indi alymlar megalodonyň galyndylaryny dürli döwürlerde ýaşan akulanyň 150-den gowrak görnüşi bilen deňeşdirdiler. Görlüp oturylsa, bu gadymy ýyrtyjy diňe bir uzyn bolman, eýsem öň pikir edilişinden birneme "gelşikliräk" bolupdyr. Megalodon 20-36 million ýyl ozal ýaşapdyr. Bu akulanyň doly skeleti tapylmady, ol baradaky bilýän zatlarymyz oňurgalarynyň, dişleriniň we gowunyň  galyndylaryna esaslanýar. Tapylan iň uly fragment oňurgasynyň 11 metr uzynlykdaky bölegi bolup durýar.


düýn 12:00
3.4k+

Aldawçylygyň aýlawly netijesi: alymlar zabun terbiýäniň çagalara ökdelik bilen aldamagy öwredýändigini subut etdiler

Çagalary terbiýelemekde aşa berk çemeleşme we fiziki temmi bermek tersine netijäni berýär. Garaşylýan tertip-terbiýäniň ýerine çagalarda ýalan sözlemek we aldamak meýilleri döreýär....

22.06.2026 23:12
4.8k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

17.06.2026 11:37
5.1k+

Alymlar el degirmän, galp suratlary tanamagy öwrendiler

O-de-Frans Politehniki uniwersitetiniň alymlary suratlaryň hakykylygyny anyklamagyň täzeçil usulyny işläp düzdüler. Bu oýlap tapyş kendiriň ýüzüne fiziki täsir etmegi talap etmeýär. Tehnologiýanyň anyk beýany......

17.06.2026 11:21
4k+

Tehasda howadan suw ýygnaýan kurtka oýlap tapdylar

Ostin şäherindäki Tehas uniwersitetiniň inženerleri howadan çyglylygy ýygnap, ony içmäge ýaramly suwa öwrüp bilýän ýörite dokumadan ýasalan kurtkany işläp taýýarladylar. Howa şertlerine baglylykda, bu enjam......