Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanda keramiki önümleri öndürýän ilkinji kärhanany açdy

  • 13.03.2025 07:49
  • 8.6k+

12-nji martda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda Bäherden keramiki önümler” kärhanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Kärhananyň gurluşygy Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň buýurmasy esasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Eziz doganlar» hususy kärhanasy tarapyndan amala aşyryldy. Täze kärhana ýurdumyzda alnyp barylýan gurluşyklary we ilatymyzy ýokary hilli gurluşyk önümleri bilen bökdençsiz üpjün eder. Kuwwatlylygy bir ýylda 3 million 300 müň inedördül metr keramiki-bezeg plitalaryny we 120 müň sany sanfaýans önümini öndürmäge niýetlenen kärhanada dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň kämil enjamlary ornaşdyryldy.
30 gektar meýdanda ýerleşen kärhanada 460-a golaý işgäriň zähmet çekmegi üçin ähli önümçilik, durmuş şertleri döredildi.
Italiýanyň “SACMI Imola Societa Cooperativa” kompaniýasynyň wekili Mikele Pulpito dabarada bellemegine görä, Bäherden keramiki önümler kärhanasy Türkmenistanda şeýle önümleri öndürýän ilkinji, dünýäde bolsa iň iri we döwrebap kärhanalaryň biridir.

Dabaranyň barşynda Türkmenistanyň senagat we gurluşyk önümçiligi ministrine şahadatnamalary gowşurdy. Ol şahadatnamalar:

  • Italiýanyň “SACMI Imola Societa Cooperativa” kompaniýasynyň Bäherden keramiki önümler kärhanasynyň ýokary tehnologiýaly enjamlar bilen enjamlaşdyrylan desga bolup, ähli inženerçilik işleriniň we kärhananyň önümçiliginde ornaşdyrylan enjamlaryň Ýewropada hereket edýän, halkara derejede kabul edilen standartlara doly laýyk gelýändigini tassyklaýan şahadatnamasy;
  • Italiýanyň «Associazione Costruttori Italiani Macchine Attrezzature per Ceramica» kompaniýasynyň Bäherden keramiki önümler kärhanasynyň ekologik taýdan arassa we daşky gurşawa zyýan ýetirmeýän desga bolup, kärhananyň önümçiliginde ornaşdyrylan tehnologik enjamlaryň hil, daşky gurşaw, saglyk we howpsuzlyk taýdan halkara güwänamalaryň kadalaryna doly laýyk gelýändigini tassyklaýan şahadatnamasy.

Döwlet Baştutany binany açyp, keramiki bezeg plitalarynyň, sanfaýans önümleriniň görnüşleri bilen tanyşdy.
Täze önümçilik desgasynda robotlaşdyrylan hem-de awtomatlaşdyrylan innowasion tehnologiýalar, Italiýanyň «SAСMI» kompaniýasynyň iň öňdebaryjy enjamlary ornaşdyrylyp, önümçilik amallary awtomatik usulda amala aşyrylýar. Bu ýerde keramiki önümleriň dürli görnüşleri taýýarlanylyp, barlaghanada olaryň fiziki we himiki düzümi, şol sanda agramy, çyglylygy, suw siňdirijiligi, berkligi, syrçalama barlaglary «SAСMI» kompaniýasynyň ýokary tehnologik enjamlary arkaly ýerine ýetirilýär. Şeýle hem önüme goşulýan goşundylaryň mukdary kesgitlenilýär.
Serdar Berdimuhamedow Bäherden keramiki önümler kärhanasynyň ýolbaşçysyna täze awtoulaglaryň we ýörite tehnikalaryň açarlaryny gowşurdy.


05.06.2026 17:31
1.6k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.4k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.3k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
5.1k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....