30 million ýyl ýaşy bolan ýantardan kebelek çykmaly ýumurtga tapyldy

  • 11.03.2025 13:43
  • 7.7k+

Ýantara, köplenç, "wagtyň kapsulasy" diýilýär. Sebäbi olardan ýygy-ýygydan millionlarça ýyllap şepbige ýelmeşip galan, taryhdan öňki mör-möjekler tapylýarlar. Nemes biologlary Baltika ýantarynyň içinden ýene bir täsin nusgany - 30 million ýyl mundan ozal kebelegiň çykmaly ýumurtgasyny tapdylar.

Palaeontologia Electronica žurnalynda çap edilen barlagda kebelek täze nesil we görnüş hökmünde nimfalid maşgalasyndan bolan Eolimenitis baltica toparyna degişli edildi.
Çybynlaryň we garynjalaryň şeýle tapyndylarda ýygy-ýygydan duş gelýändigini, ýöne ganatlarynyň näzikligi sebäpli kebelekleriň seýrek gabat gelýändigini bellemelidiris. Dünýädäki ätiýaçlyklaryň 90% -ini emele getirýän Baltika ýantaryndan häli-häzire çenli teňňeganatlylar tapylmady.  
Eolimenitis baltica Russiýanyň Kaliningrad oblastynyň Ýantarnyý şäheriniň karýerinden gazylyp alnan Baltika ýantarynyň bir böleginde saklanyp galypdyr. Altyburçly nagyşly we teňňeli (beýikligi 130 mikrometr), 2 mm ölçegdäki ýumurtga "ynamdar satyjydan" satyn alyndy. Hakykylygy “gök toprak” gatlagyna mahsus, ultramelewşe şöhläniň astynda mawy öwşün atýandygy bilen tassyklanýar.   
Derňew onuň Adelpha urugynyň häzirki kebelekleriniň ýumurtgalaryna meňzeşdigini görkezdi. Täze görnüşiň iň ýakyn garyndaşlary Aziýanyň subtropiklerinde ýaşaýan lenta görnüşli mör-möjekler bolup çykdy. Barlagyň awtorlary Tilo Fişeriň we Aksel Hausmanyň sözlerine görä, ýumurtganyň “dykylyp galan” paleogen tokaýlygy pürli we ýaprakly agaçly çygly subtropiklere meňzeýärdi.


22.06.2026 23:12
3.6k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

19.06.2026 19:49
4.8k+

Saud Arabystanynda ilkinji halyflaryň biriniň ady ýazylan ýazgylar tapyldy

Saud Arabystanynyň Al-Mahd welaýatynda arheologlar yslam taryhynyň ikinji halyfy Omar ibn al-Hattabyň ady ýazylan gaýa ýazgylaryny tapdy....

17.06.2026 11:37
5k+

Alymlar el degirmän, galp suratlary tanamagy öwrendiler

O-de-Frans Politehniki uniwersitetiniň alymlary suratlaryň hakykylygyny anyklamagyň täzeçil usulyny işläp düzdüler. Bu oýlap tapyş kendiriň ýüzüne fiziki täsir etmegi talap etmeýär. Tehnologiýanyň anyk beýany......

17.06.2026 11:21
3.9k+

Tehasda howadan suw ýygnaýan kurtka oýlap tapdylar

Ostin şäherindäki Tehas uniwersitetiniň inženerleri howadan çyglylygy ýygnap, ony içmäge ýaramly suwa öwrüp bilýän ýörite dokumadan ýasalan kurtkany işläp taýýarladylar. Howa şertlerine baglylykda, bu enjam......