Awstraliýada çydamly, suwdan goraýan aýna döredildi

  • 08.03.2025 17:43
  • 3.9k+

Awstraliýadaky Kýortin uniwersitetiniň alymlary has çydamly we ekologiýa taýdan arassa, suwdan goraýan aýna döretmegiň täze usulyny oýlap tapdylar.

Bu işläp taýýarlama bagyşlanan makala Advanced Functional Materials. žurnalynda çap edildi.
Hünärmenler himiki serişdeler we polimerler ulanylýan adaty usullary zäherli däl tehnologiýa bilen çalyşmagy teklip etdiler. Aýna diazoniýa duzlary bilen örtülendir we soňra ultrases bilen işlenip bejerilýär, bu bolsa çydamly suwdan goraýan örtük döretmäge mümkinçilik berýär.
Adaty usullardan tapawutlylykda bu örtük wagtyň geçmegi bilen könelmeýär ýa-da suw täsir edende zaýalanmaýar.
Barlagyň baş awtory Nadim Darwiş: "Biziň usulymyz molekulýar derejede güýçli himiki baglanyşyk döredýär we ony çydamly hem-de ekologiýa taýdan arassa edýär" -diýip belledi.
Mundan başga-da, üýtgedilen aýnanyň başga artykmaçlyklary hem bar: oňa bakteriýalar, kömelekler we mikrosuwotular ýelmeşýärler. Bu ony häzirki zaman süzgüç ulgamlarynda, bio ýangyç öndürmekde ýa-da beýleki tehnologiki amallarda ulanylmaga mümkinçilik berer. Mysal üçin, örtükli aýna hapa suwlary süzgüçden geçiriş ulgamlarynda bakteriýalary saklap biler ýa-da howa süzgüçlerinde mikroorganizmlere himiki päsgelçilik bolup biler.


08.06.2026 17:00
3.3k+

Innovega kompaniýasy görüjiligi pes adamlar üçin «Gen One» akylly äýnegini hödürledi

Innovega kompaniýasy agramy 70 grama-da ýetmeýän «Gen One» akylly äýnegini hödürledi. Enjam daş-töweregiň şekilini görüjiligi pes adamlaryň aýratynlyklaryna laýyklykda özgertmäge we sazlamaga niýetlenendir....

17.05.2026 11:49
2.6k+

Täze ýüpek materialy 6G tehnologiýasynda ulanmak  teklip edildi 

Barlagçylar 6G ulgamlarynda, sensorlarda we telekommunikasiýa böleklerinde ulanylyp bilinjek täze, ýüpek esasly material işläp düzdüler. Bu tehnologiýanyň dokma galyndylaryny azaltmakda hem peýdalydygy göz......

26.04.2026 09:45
5.3k+

Bilermenler emeli aň modelleriniň medeni tarapgöýlügine ünsi çekýärler

Emeli aň gündelik durmuşymyzda maglumat gözlemekden başlap, resminamalary taýýarlamaga çenli örän işjeň ulanylýar. Emma bilermenler köp adamyň üns bermeýän bir möhüm meselesine ünsi çekmek bilen, bu ulgamlaryň......

20.02.2026 18:09
2.5k+

Baktériýadan hem kiçi QR-kod döredildi: göze görünmeýän rekord

Alymlar dünýäde iň kiçi QR-koduny döretdiler. Ol eýýäm Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.  Koduň ölçegi öňki hasaba alnan rekordyň üçden bir bölegi ýaly, şonuň üçin ony adaty göz bilen görjek gümanyň ýok. «Biziň döreden gurluşymyz şeýle bir inçe welin, ony optiki mikroskoplaryň kömegi bilenem görüp bolmaýar» diýip, professor Pol Maýrhofer düşündirdi...