Baktériýadan hem kiçi QR-kod döredildi: göze görünmeýän rekord

  • 20.02.2026 18:09
  • 2.5k+

Alymlar dünýäde iň kiçi QR-koduny döretdiler. Ol eýýäm Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. 

Koduň ölçegi öňki hasaba alnan rekordyň üçden bir bölegi ýaly, şonuň üçin ony adaty göz bilen görjek gümanyň ýok.
«Biziň döreden gurluşymyz şeýle bir inçe welin, ony optiki mikroskoplaryň kömegi bilenem görüp bolmaýar» diýip, professor Pol Maýrhofer düşündirdi. Onuň aýtmagyna görä, kod kiçijikligine garamazdan, durnukly bolmagynda galýar, hatda aýry-aýry atomlar bilen işlenilende-de köp gezek okalyp bilinýär. Hut şunuň özi hem maglumatlaryň onlarça ýyllap saklanmagy üçin ýeterlikdir.
QR-kody döretmek üçin gyzgynlyga we basyşa durnukly inçe keramika gatlaklary ulanylýar. Kod fokuslanan ion şöhleleri arkaly çekilýär, her bir piksel bolsa takmynan 49 nanometre deňdir. Bu yşygyň tolkun uzynlygyndan 10 esse kiçi diýmekdir.
 Täze tehnologiýa keramiki gatlagy bolan A4 formatly ýekeje kagyzda iki terabaýtdan gowrak maglumaty ýerleşdirmäge mümkinçilik berýär. Adaty maglumat saklaýjylardan tapawutlylykda, munuň üçin elektrik energiýasy ýa-da sowadyş ulgamy talap edilmeýär.
«Biz maglumatlar eýýamynda ýaşasak-da, maglumatlaryň köpüsi gysga ömürli enjamlarda saklanýar» diýip, Aleksandr Kirnbauer düşündirýär. Ol keramika göterijileriniň uzak ömürliliginiň olary ekologiýa taýdan amatly alternatiwa öwürýändigini we bu tehnologiýanyň durnukly sanly geljege tarap ädim bolup biljekdigini nygtaýar.
Häzirki wagtda hünärmenler maglumatlary uzak möhletleýin saklamak üçin önümçiligi tizleşdirmegiň hem-de arzanlaşdyrmagyň, maglumatlary uzak möhletleýin saklamak üçin has çylşyrymly gurluşlary döretmegiň üstünde işleýär.


düýn 23:04
1.6k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......

08.06.2026 17:00
2.8k+

Innovega kompaniýasy görüjiligi pes adamlar üçin «Gen One» akylly äýnegini hödürledi

Innovega kompaniýasy agramy 70 grama-da ýetmeýän «Gen One» akylly äýnegini hödürledi. Enjam daş-töweregiň şekilini görüjiligi pes adamlaryň aýratynlyklaryna laýyklykda özgertmäge we sazlamaga niýetlenendir....

07.06.2026 20:11
1.8k+

Acer akylly äýnek bazaryna emeli aňy we giňeldilen hakykaty öz içine alýan iki model bilen girýär

Taýwanyň Acer kompaniýasy garaşylmadyk ýagdaýda çalt ösýän akylly äýnek bazaryna girýändigini yglan etdi we içerki emeli aňy bolan tehnologik taýdan tapawutlanýan iki modeli görkezdi....

07.06.2026 17:01
2k+

Claude-ni döredijiler emeli aňyň ösüşini haýallatmaga çagyrdylar

Claude emeli aň modelini işläp düzen Anthropic kompaniýasy EA tehnologiýalarynyň ösüşini haýallatmak ýa-da wagtlaýynça togtatmaga çagyrýan makalany çap etdi. Bu ylmy makalanyň awtordaşy kompaniýanyň......