Türkmenistan tebigy gazy ibermek meselesinde ýewropaly hyzmatdaşlar bilen ysnyşykly işleşmäge taýýar

  • 08.03.2025 12:39
  • 7.3k+

«Euronews» teleýaýlymyna  beren söhbetdeşliginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy  Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi. Bu barada TDH habar berýär.  

"Ilkinji nobatda, Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen gatnaşyklaryna taryhy ýagdaýlardan seretmek gerek. Türkmenler bilen ýewropalylaryň arasyndaky ilkinji resmi gatnaşyklar irki orta asyrlara degişlidir. Bu gatnaşyklar köp wagtyň dowamynda syýasy, ykdysady, söwda ulgamlarynda ösdürildi. Medeni we ylmy hyzmatdaşlyk ýola goýlup, özara baýlaşdyryldy. Şoňa görä-de, häzirki döwürde bizde Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi, bütin Ýewropa bilen gatnaşyklaryny ösdürmäge ýardam berjek möhüm we düýpli taryhy esasyň bardygyny aýdyp bilerin" diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri ýewropaly hyzmatdaşlar bilen ýurdumyzyň gatnaşyklaryny ösdürmegiň özara bähbitlidigini belläp, onuň häzirki zaman dünýä ösüşiniň hakyky talaplaryny hem-de meýillerini beýan edýändigini nygtady.

"Elbetde, energetika pudagynda ägirt uly mümkinçilikler bar. Häzirki döwürde bu ugurda özara gyzyklanma barha artýar. Sebäbi energiýa serişdeleriniň Ýewropa bazary dünýäde iň iri bazarlaryň biri bolup durýar. Bu günki gün ol Ýewropanyň ykdysadyýetini kadaly ösdürmek üçin energiýa çig malynyň köp möçberde hem-de bökdençsiz iberilmegini talap edýär. Türkmenistan tebigy gazy ibermek meselesinde ýewropaly hyzmatdaşlar bilen ysnyşykly işleşmäge taýýardyr. Bu işi amala aşyrmagyň ýollarynyň biri-de ony Hazarüsti ugry boýunça ilerletmek bolup durýar" diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

"Biz hemişe Hazar deňzinde doly derejeli energetika hyzmatdaşlygyny ýola goýmak, şol sanda günbatar tarapa suwasty turbageçirijileri gurmak arkaly ýola goýmak ugrunda çykyş edip geldik. Bu biziň Hazar deňziniň hukuk derejesi hakynda Konwensiýada berkidilen kanuny hukugymyzdyr.
Biz Hazar deňzinde suwasty üpjünçilik ulgamlarynyň gurulmagynyň kenarýaka döwletleriň ykdysady talaplaryna laýyk gelýändiginden ugur alýarys. Munuň özi energiýa serişdelerini öndürijileriň, sarp edijileriň we üstaşyr geçirijileriň bähbitlerini deň derejede nazara almagy göz öňünde tutýar. Bu bolsa Ýewraziýada energetika howpsuzlygyny we durnuklylygyny üpjün etmegiň möhüm şerti bolup hyzmat eder.
Hazar deňziniň düýbüniň çäklerini bellemek bilen bagly hukuk soraglaryny hem çözmek gerek. Biz häzirki döwürde munuň üçin hiç hili päsgelçilik görmeýäris. Ähli zat bu işe gatnaşyjylaryň hoşniýetli erk-islegine, taýýarlygyna baglydyr. Türkmenistanda şeýle erk-isleg bar" diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy aýtdy.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan energiýa serişdeleriniň iberilmeginiň çäklendirilmezligini teklip edýär. Ilkinji nobatda, «ýaşyl» energetika ulgamynda bilelikdäki taslamalara başlamak, Ýewropa elektrik energiýasyny ibermek ugrunda çykyş edýär. Türkmenistan elektrik energiýasyny ibermäge taýýar.
Häzirki wagtda Hazar deňziniň ýurdumyza degişli kenarynda kuwwaty 1 müň 574 megawat bolan elektrik stansiýasy gurulýar. Elektrik ulgamlary öz çäklerinden geçjek döwletleriň birleşen tagallasy bolanda, bu taslamanyň ýakyn geljekde we özara bähbit esasynda amala aşyryljakdygyna ynanýaryn diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Biz wodorod energetikasy, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini peýdalanmak boýunça hem ýewropaly hyzmatdaşlar bilen işleşmäge taýýardyrys.
— Biziň ýurdumyz tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýär. Men ýene-de bir anyk mysaly getireýin: Türkmenistandaky «Galkynyş» käni gazyň möçberi boýunça dünýäde birinji orunda durýar. Onuň gorlary tebigy gazyň 27,4 trillion kub metrine barabardyr.
Bu sanlar ýurdumyzyň eksport mümkinçiliginiň energiýa bilen diňe özümizi däl-de, eýsem, sebitimizdäki we onuň çäklerinden daşardaky hyzmatdaşlarymyzyň hem isleglerini kanagatlandyrmaga mümkinçilik berýändigini görkezýär. Türkmenistandan gündogar, günorta we demirgazyk ugurlara gurlan hem-de üstünlikli işleýän esasy gaz geçirijiler muny doly tassyklaýar. Şular ýaly taslamalary diňe energetika serişdeleriniň zerur möçberlerine eýe bolan ýurt öňe sürüp biler - diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Söhbetdeşligi dolulygyna şu salgydan okap bilersiňiz.


düýn 22:09
595

Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkentde geçirilen TIIF-2026 maýa goýum forumyna gatnaşdy

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 16—18-nji iýun aralygynda Özbegistanyň paýtagtynda geçirilen bäşinji Daşkent halkara maýa goýum......

düýn 18:14
513

Aşgabatda türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirilýär

17-nji iýunda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi öz işine başlady. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, bu çärä gatnaşmak......

düýn 12:31
3.9k+

Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynda galla oragynyň barşy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, sebitde dowam edýän galla oragynyň barşy bilen tanyşdy. Bu barada TDH habar berýär....

düýn 09:55
644

Türkmenistan «MA – Koreýa Respublikasy» birinji sammitiniň taýýarlyk işlerine gatnaşdy

16-njy iýunda Daşkent şäherinde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» formatyndaky döwlet Baştutanlarynyň birinji sammitine taýýarlyk görmek......