Serdar Berdimuhamedow Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidze bilen duşuşdy

  • 07.03.2025 23:39
  • 8.8k+

7-nji martda Aşgabatda Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen düýn ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidzäniň arasynda gepleşikler geçirildi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň binasynda geçirilen gepleşikleriň barşynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Premýer-ministr Irakliý Kobahidzäniň ýurdumyza şu gezekki saparynyň döwletara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge hem-de täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga ýardam berjekdigine ynam bildirdi.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistan  bilen Gruziýanyň arasyndaky däp bolan dostlukly we netijeli gatnaşyklar deňhukuklylyk, özara hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýar. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk döwletara dialogynyň möhüm ugry bolup durýar. Energetika, senagat, ulag-logistika we saglygy goraýyş ulgamlarynda özara hyzmatdaşlygyň oňyn netijeleri gazanyldy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow häzirki günde ýurtlarymyzyň türkmen-gruzin hyzmatdaşlygyny özara talaplara we mümkinçiliklere laýyk gelýän hil taýdan täze derejä çykarmak üçin ýeterlik kuwwata eýediklerini belledi.
Serdar Berdimuhamedow Premýer-ministr Irakliý Kobahidzäni şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ýokary wekilçilikli forumyna çagyrdy.
Premýer-ministr Irakliý Kobahidze döwletara syýasy we ykdysady gatnaşyklaryň netijeli häsiýetini belläp, ulag-logistika we energetika ulgamlarynda taslamalary durmuşa geçirmek boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň möhümdigini nygtady.
Türkmen-gruzin hyzmatdaşlygynyň meseleleriniň giň toplumy boýunça pikir alyşmagyň dowamynda özara gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi.
Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylda ýola goýuldy.


düýn 20:55
1.7k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......