Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşyk depginlerini ýokarlandyrmagy tabşyrdy

  • 07.03.2025 09:00
  • 10k+

6-njy martda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy.

Saparyň çäklerinde Gurbanguly Berdimuhamedow täze şäheriň ýaşlar üçin niýetlenen seýilgähinde goýuljak oturgyçlaryň, onuň bezeg serişdeleriniň görnüşleri bilen tanyşdy.
Seýilgähde ýokary derejeli dynç almak, ösüp gelýän ýaş nesilleriň wagtlaryny gyzykly hem-de şadyýan geçirmekleri üçin ähli zerur şertleriň döredilmelidigini belläp, türkmen halkynyň Milli Lideri gurluşyk, bezeg işlerinde milli binagärlik ýörelgelerine, serişdeleriň berkligine, oturgyçlaryň oňaýlylygyna, göze gelüwliligine zerur üns bermegi tabşyrdy.
Şeýle hem Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyz şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän durmuş maksatly desgalaryň, ýol-ulag düzümine degişli binalaryň taýýarlanan şekil taslamalary, olaryň bezeg işlerine degişli serişdeleriň görnüşleri bilen tanyşdy.
Gurbanguly Berdimuhamedow görkezilýän taslamalara birnäçe belliklerini aýtdy.
Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
D.Orazow häzirki döwürde şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, gurluşyk işleriniň depginlerini ýokarlandyrmak boýunça edilýän tagallalar barada hasabat berdi.
Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Halkara zenanlar güni mynasybetli köp çagaly maşgalalara ähli amatlyklary özünde jemleýän döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň açarlaryny gowşurmak dabarasynyň geçiriljekdigi barada aýtdy.
Saparynyň çäklerinde Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň daşky germewinde oturdylýan mermerleriň görnüşlerini, olaryň bezeg babatdaky aýratynlyklaryny synlady. Türkmen halkynyň Milli Lideri toplumyň germewleriniň bezeginiň bu künjegiň tebigy aýratynlyklary bilen sazlaşmalydygyny aýtdy.


düýn 19:38
4.6k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.7k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......