Hytaýly alymlar Aýyň birwagtlar magma ummany bilen örtülendigini tassyklaýar

  • 05.03.2025 16:10
  • 3.9k+

Geohimiýa institutynyň hytaýly alymlary Aý nusgalarynyň seljermesiniň netijelerini hödürledi. Olar Aýyň emele gelmeginiň irki döwürlerinde Aýda global magma ummanynyň bolandygy baradaky çaklamany tassyklady. Maglumatlar “Çane-6” missiýasy bilen getirilen Aý topragynyň seljermesiniň dowamynda alyndy.

Aýyň görünýän we arka taraplaryndaky bazaltlaryň düzüminiň seljermesi olaryň himiki düzüminiň meňzeşligini görkezdi, bu bolsa Aýyň irki tapgyrlarynda onuň bir umumy magmatik barlygynyň bolandygyny görkezýär. Gurşun izotoplarynyň derňewi magma ummanynyň gatamagyndan soň Aýyň dürli ýerleriniň ewolýusiýasyndaky tapawutlary ýüze çykardy.
Nazaryýete görä, Aýda magma ummany Aýyň doly erän döwründe bolupdyr. Sowamadan we kristallaşmadan soň, agyr elementler aşak çöküp, mantiýany emele getiripdir, ýeňil minerallar bolsa, ýokary çykyp, gabygy emele getiripdir. Bu gatlaklaryň araçäginde kripto diýlip atlandyrylýan elementlere baý gatlak peýda bolupdyr.
Şeýle-de, ylmy gözlegçiler uly göwrümli çaknyşmalaryň Aýyň fiziki-himiki düzümine täsir edendigini belledi. Şeýle wakalaryň biri Günorta polýus basseýniniň – Eýtkeniň döremegi boldy, onuň ýaşy 4,2 milliard ýyldan gowrak.
Bu maglumatlar Aýyň irki taryhy we onuň ewolýusiýasy baradaky bilimleri gaýtadan gözden geçirmäge çagyrýar.


şu gün 00:18
408

«Roskosmos» 2036-njy ýyla çenli Aýda atom elektrik stansiýasyny gurmagy meýilleşdirýär

«Roskosmos» 2036-njy ýyla çenli Aýda atom elektrik stansiýasyny (AES) döretmegi meýilleşdirýär. Bu wezipe Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň kosmos işi ulgamyndaky döwlet syýasatynyň esaslary baradaky......

düýn 20:31
2.4k+

Rekord derejeli magnit tupany Ýeriň öz goragyny nädip gowşadýandygyna düşünmäge kömek etdi

2024-nji ýylyň maýynda planeta inen we soňky ýigrimi ýylda iň güýçlüsi bolan magnit tupany ýaponiýaly fiziklere möhüm açyş etmäge kömek etdi. Alymlar geomagnit tolgunmalary wagtynda Ýeriň tebigy magnit......

27.06.2026 10:53
2k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

27.06.2026 09:54
5k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....