Suwuk "terminatoryň" nusgasy: Alymlar durkuny üýtgedip bilýän mikrorobotlary döretdiler

  • 05.03.2025 11:13
  • 5.8k+

Santa-Barbaradaky Kaliforniýa uniwersitetiniň (UCSB) we Drezden Tehniki uniwersitetiniň (TU Dresden) alymlary suwuklykdan gaty hala geçip bilýän mikrorobotlary döretdiler.

Bu düşünje “Terminator 2: Kyýamat güni” filmindäki suwuk T-1000 terminatoryny ýada salýar. Şeýle-de bolsa, gözlegçiler taslamanyň üstünde işlänlerinde tebigy proseslerden ylham aldylar diýip, Science žurnalynda aýdylýar. Mysal hökmünde biologiýa - düwünçek morfogenezi görkezilýär. Bu döwürde öýjükler bedeniň dürli dokumalaryna öwrülip, görnüşini üýtgedýärler.

“Janly düwünçek dokumalary ideal “akylly material” görnüşinde bolýar. Olar öz-özüni kemala getirýärler, bejerip dikeldýärler we gatylyk bilen suwuk halyň arasynda gezekleşýärler" – diýip, UCSB-niň professory Otger Kampas SciTechDaily-a beren interwýusynda belledi.

Alymlaryň öňünde garynja koloniýasy ýaly bilelikde işleýän gaty ýönekeý awtonom modullary döretmek meselesi durýardy. Aýlanma režimine baglylykda olar “suwuklandyrylan” ýagdaýdan dykyz gurluşa üýtgeýärler.
Tehnologiýa robototehnikada öwrülişik etmegi wada berýär. Indiki ädim robotlary kiçeltmekden we olaryň toparda sanyny köpeltmekden ybarat. Maşyn öwrenmek algoritmlerini ulanyp, müňlerçe şeýle modul islendik gurluşy takyk emele getirip biler. Täze synaglaryň geçiriljek senesi entek yglan edilmese-de, alymlar geljegiň şeýle “akylly” ulgamlara degişlidigine ynanýarlar.


düýn 10:53
1.6k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.2k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....