Hytaýda Mars üçin dron döredilýär. Ol planetanyň ýüzünde ýöräp hem, uçup hem biler

  • 05.03.2025 06:15
  • 3.1k+

Hytaýly alymlar Marsyň ýüzünde ýöräp hem, zerur bolanda uçup hem bilýän drony işläp taýýarlaýarlar. Işläp taýýarlaýyş işleri Harbin Tehnologiýa uniwersitetiniň Astronawtika institutynda amala aşyrylýar diýip, Space.com habar berýär.

Apparat agyrlyk merkezini üýtgetmek bilen energiýa sarp edilişini azaltmak arkaly ýöreýär. Uçanda koaksial wintleriň kömegi bilen uçýar.
Işläp taýýarlaýjylaryň sözlerine görä, apparatyň uçuş wagty beýleki dronlaryňkydan alty esse uzak. Dron gözleg işlerinde, päsgelçiliklerden geçilende we barlaglarda  ulanylyp bilner.
Professor Çžan Lisýan tehnologiýanyň diňe bir Mars üçin däl, eýsem Ýerdäki we beýleki planetalardaky ýerasty giňişlikleri öwrenmek üçin hem oňaýlydygyny belleýär. Enjam eýýam laboratoriýa synaglaryndan geçdi.
Eger synaglaryň hemmesi onuň netijeliligini tassyklasa, Hytaý Marsy özleşdirmekde uly artykmaçlyga eýe bolar. Dron enjamlaryň birnäçe görnüşiniň ornuny tutup biler we geljekki missiýalar üçin tüýs laýyk gural bolar.


düýn 10:53
1.6k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.2k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....