Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara pediatriýa merkeziniň gurluşygyna baryp gördi

  • 04.03.2025 22:38
  • 11k+

Şu gün, 4-nji martda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabadyň günorta künjeginde Halkara pediatriýa merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýlary bilen tanyşdy. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.

160 orunlyk bu merkeziň gurluşygyna 2023-nji ýylyň mart aýynda türkmen halkynyň Milli Lideri badalga berdi.
Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň baş müdiri S.Annanyýazowa täze gurulýan merkeziň binalary, olarda ýerleşdiriljek bölümler, merkezde oturdylmagy meýilleşdirilýän enjamlaryň görnüşleri hem-de gurluşykda ulanylýan bezeg serişdeleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, merkeziň bölümlerinde dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň iň kämil lukmançylyk enjamlary ornaşdyrylar. Birnäçe enjamlar dine bir ýurdumyzda däl, eýsem, sebitde ilkinji gezek ornaşdyrylar. Şeýle hem täze merkezde emeli aň mümkinçilikleriniň ulanylmagy lukmançylyk hyzmatlarynyň ýokary derejesini üpjün eder.
Gurbanguly Berdimuhamedow täze merkeziň täze garaýyşly we uzak geljegi nazarlaýan hassahanadygyny belledi hem-de sebitde ilkinji gezek ornaşdyrylýan enjamlarda işlejek lukmanlaryň taýýarlyk derejesine möhüm ähmiýet bermelidigini aýtdy.
Bellenilişi ýaly, Halkara pediatriýa merkezinde newrologiýa, endokrinologiýa, ortopediýa, allergologiýa we çaga kesellerini döwrebap anyklamagyň we bejermegiň beýleki wajyp ugurlary boýunça işlejek lukmanlaryň hünär derejesine zerur üns berilýär. Endoskopiýa, funksional we şöhle arkaly anyklaýyş, mikrobiologiýa we bakteriologiýa, psihiatriýa, audiologiýa, endokrinologiýa, gematologiýa, patogistologiýa barlaghanalary, bäş sany operasiýa zallary ýokary derejede enjamlaşdyrylar.  
Şeýle hem täze merkeziň barlaghana bölümlerinde ornaşdyrylan enjamlar çagalarda duş gelýän islendik keselleri gysga wagtyň içinde anyklamaga we gerekli netijäni bermäge ukyplylygy bilen tapawutlanýar. Mundan başga-da, bu ýerde 20 orunlyk somatiki-stasionar anyklaýyş, 20 orunlyk allergologiýa we pulmonologiýa, 20 orunlyk endokrinologiýa, 20 orunlyk newrologiýa, 20 orunlyk kardiorewmatologiýa, 20 orunlyk hirurgiýa, 20 orunlyk ortopediýa, 20 orunlyk urologiýa, 16 orunlyk bolsa reanimasiýa bölümleri hereket eder.


20.06.2026 12:08
7.2k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.3k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......