Gurbanguly Berdimuhamedow Kataryň Emirini Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna çagyrdy

  • 03.03.2025 23:22
  • 4.1k+

3-nji mart Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy  Gurbanguly Berdimuhamedow Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al-Tani bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy.

“Watan” habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, söwda-ykdysady gatnaşyklar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň örän möhüm ugry bolup durýar.
Şunuň bilen baglylykda, Gurbanguly Berdimuhamedow nebitgaz, himiýa we dokma senagaty, maýa goýumlary, ulag we söwda ulgamlary boýunça hyzmatdaşlygyň Türkmenistan bilen Katar Döwletiniň arasyndaky  gatnaşyklaryň geljegi uly bolan ugurlaryna öwrüljekdigini belledi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri bu ugurlarda bar bolan mümkinçiliklere we toplanan oňyn tejribä esaslanyp, özara bähbitli taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň gazanyljakdygyna  ynam bildirdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow 2025-nji ýyly – “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny” mynasyp derejede dabaralandyrmak üçin goňşy ýurtlar we halkara guramalary bilen dürli syýasy çäreleri geçirmek boýunça  işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň belleniljek gününde - 2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumynyň geçiriljekdigini aýtdy hem-de Emir  Şeýh Tamim bin Hamad Al-Tanini şol halkara forumyna we baýramçylyk çärelerine gatnaşmaga uly hormat bilen çagyrdy.


düýn 19:38
2.8k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.2k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......