Türkmenistanda köp çagaly enelere «Ene mähri» diýen ady dakmak hakynda Permana gol çekildi

  • 01.03.2025 12:48
  • 7.9k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow köp çagaly enelere «Ene mähri» diýen hormatly ady dakmak hakynda Permana gol çekdi. Döwlet Baştutany degişli resminama 28-nji fewralda Hökümet mejlisiniň barşynda gol çekdi.

Döwlet Baştutany Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, mukaddes maşgala ojagyny gorap saklamakda, perzentlerine mynasyp edep-terbiýe bermekde, jemgyýetimiziň agzybirligini has-da berkitmekde eziz enelerimize, zenanlarymyza uly ornuň degişlidigini belledi. Yhlasly zähmeti bilen berkarar Watanymyzyň abraýyny belende göterýän mähriban enelerimiziň Garaşsyz döwletimizde hormat-sarpasy örän ýokarydyr.
Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzda Halkara zenanlar gününiň giňden bellenip geçiljekdigini aýdyp, baýramçylyk mynasybetli Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyny dakmak we bu ada mynasyp bolan zenanlara ýaşaýyş jaýlarynyň açarlaryny gowşurmak çärelerini guramaçylykly geçirmegiň möhümdigini belledi.

Öň, TmCars Halkara zenanlar güni mynasybetli köp çagaly maşgalalara ýaşaýyş jaýlarynyň, şol sanda kottejleriň açarlarynyň dabaraly ýagdaýda gowşuryljakdygy barada habar beripdi.


düýn 19:38
2.3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.1k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......