Arkadag şäherinde Halkara zenanlar güni mynasybetli köp çagaly maşgalalara ýaşaýyş jaýlarynyň açarlary gowşurylar

  • 09.02.2025 12:51
  • 15k+

Arkadag şäherinde Halkara zenanlar güni ýokary derejede giňden bellenilip geçiler. Köp çagaly maşgalalara ýaşaýyş jaýlarynyň, şol sanda kottejleriň açarlary dabaraly ýagdaýda gowşurylar. Bu barada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 8-nji fewralda Arkadag şäherine amala aşyran iş saparynyň çäklerinde bellenilip geçildi. Muny TDH habar berýär.

Iş saparynyň çäklerinde Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
D.Orazow häzirki döwürde täze şäherde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şeýle hem gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň taýýarlanylan taslamalary we gurluşyk işlerinde ulanylýan serişdeleriň görnüşleri barada hasabat berdi.
Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa täze şäheriň döwrebap ýaşaýyş jaýlaryna ilaty göçürip getirmek işleri bilen bir hatarda, täze şäherde degişli arassaçylyk we abadanlaşdyryş işleriniň talabalaýyk ýola goýlandygy barada hasabat berdi.
Şeýle hem häkim Türkmenistanyň Prezidentiniň satyn alyp beren kuwwatly tehnikalarynyň netijeli peýdalanylmagy bilen şäherde arassaçylyk we abadanlaşdyryş işleriniň ýokary derejede saklanýandygyny habar berdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherinde bina edilen we ýokary derejeli amatlyklary özünde jemleýän ýaşaýyş jaýlaryna ilaty göçürip getirmek işleriniň talabalaýyk alnyp barylmalydygyny belledi.


şu gün 17:39
238

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.3k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......