Tokioda dünýäde iň kiçi seýilgäh açyldy. Onuň meýdany bary-ýogy 0,24 inedördül metr

  • 01.03.2025 11:52
  • 12k+

Ýaponiýanyň paýtagtynda dünýäniň iň kiçi seýilgähi peýda boldy we resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Onuň meýdany bary-ýogy 0,24 inedördül metr. Bu iki sany A3 ölçegdäki kagyzyň ululygyndan geçmeýär.

Seýilgähde "seýilgäh" bolmak üçin ähli zat bar - kiçijik dyzeper, az-owlak ot we girelge.
Bu kiçijik seýilgähiň taryhy 1988-nji ýyldan başlanýar. Şonda Nagaizumi şäher häkimliginiň gurluşygy dolandyryş bölüminiň işgärlerinden biri ABŞ-nyň Oregon ştatynyň Portlend şäherine dynç almaga ugraýar we ol ýerde Mill Ends atly kindiwanja seýilgähi görýär. Bu seýilgäh ("dünýäniň iň kiçi seýilgähi" adynyň öňki eýesi) diametri 61 sm bolan tegelekdi we merkezinde ýekeje agaç bardy. Öýüne gaýdyp gelensoň, ol dogduk şäherinde ondanam kiçi seýilgähi döretmegi teklip edýär.

Şondan bäri Nagaizumidäki seýilgäh kiçijik göwrümi bilen meşhur boldy we ýerli ýaşaýjylaryň hem-de jahankeşdeleriň ünsüni özüne çekdi. Indi şäherde seýilgähiň adyny resmi taýdan bellige aldyrmak kararyna geldiler we ony Ginnesiň rekordlar kitabyna girizmek maksady bilen, tutýan meýdanyny takyk ölçemek we ähli zerur maglumatlary ýygnamak üçin geodeziýa işgärini çagyrdylar. Netijede, seýilgäh köpden bäri garaşylan derejesini aldy.


şu gün 16:31
2.3k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

şu gün 14:41
3.2k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......

şu gün 00:59
5.8k+

Hytaýda «hiç ýere gitmeýän kruizler» başlandy

Şanhaýda deňiz dynç alşynyň täsin görnüşi — «hiç ýere gitmeýän syýahatlar» ýola goýuldy. «Xinhua Net» agentliginiň habar bermegine görä, bu saparlarda gämi hiç bir porta girmän, üç günden soň ýene ýola çykan......

20.06.2026 01:05
4.5k+

Qantas awiakompaniýasy 2027-nji ýylda dünýäniň iň uzyn gonuşsyz uçuşyny ýola goýar

Qantas awiakompaniýasy 2027-nji ýylyň oktýabrynda Sidneý bilen Londonyň arasynda ilkinji göni uçuşyň başlanjakdygyny yglan etdi. Uzynlygy 16 000 km-den gowrak bolan bu ugur dünýäde iň uzyn ýolagçy gatnawy......