Täjigistanda Türkmenistanyň Prezidentiniň täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

  • 28.02.2025 12:29
  • 4k+

25-nji fewralda Täjik milli uniwersitetinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Şeýle hem 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan çäre geçirildi. Çäre Türkmenistanyň Täjigistandaky ilçihanasy tarapyndan guraldy.

Çärä BMG-niň Täjigistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Parwati Ramaswami, Täjigistanyň Ýazyjylar birleşiginiň we Täjik dostluk we daşary ýurtlar bilen medeni gatnaşyklar jemgyýetiniň wekilleri, Täjik milli uniwersitetiniň ýolbaşçy düzümi, professor-mugallymlary we talyplary, şeýle hem KHBS-iň wekilleri gatnaşdylar. Şeýle hem bu çärä uniwersitetiň talyplary, şol sanda bu ýerde okaýan türkmenistanly talyplar hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň ilçisi A.Goçmyradow, BMG-niň Täjigistandaky hemişelik utgaşdyryjysy P.Ramaswami, Täjigistanyň Ýazyjylar birleşiginiň başlygynyň birinji orunbasary A.Mirhoja, Täjigistan Respublikasynyň Oli Majlisiniň Namoýandagon majlisiniň Deputatyň etikasy boýunça komissiýasynyň Başlygy, F.Barotzoda, Täjigistanyň Ylymlar akademiýasynyň agzasy, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty M.Asrori, uniwersitetiň diplomatiýa kafedrasynyň müdiri F.Salaimow, şeýle hem bu uniwersitetiň 5-nji ýyl talyby A.Ahmedowa çykyş etdiler.

Ilçi A.Goçmyradow öz çykyşynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly kitabynyň many-mazmuny barada giňişleýin gürrüň bermek bilen, şahyryň döredijiliginiň parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerini durmuşa geçirmekdäki ähmiýetini nygtady.
Çäräniň çäklerinde oňa gatnaşyjylar bu ýokary okuw mekdebinde guralan ýörite sergi bilen tanyşdylar. Sergide Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň hem-de hormatly Prezidentimiziň kitaplaryna aýratyn orun berildi. Şeýle hem bu kitaplaryň birnäçesi uniwersitetiň kitaphanasyna sowgat berildi.
Şol gün Türkmenistanyň Ilçisi bilen uniwersitetiň prorektorlary B.Safarmoradyň we I.Gafforzodanyň arasynda duşuşyk geçirlip, onuň dowamynda ylym we bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.


düýn 20:55
1.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......