Mejlisde «Türkmenistan-Ýewropa Bileleşigi» Parlamentara Dialogynyň 8-nji mejlisi geçirildi

  • 26.02.2025 16:59
  • 2.5k+

25-nji fewralda Türkmenistanyň Mejlisiniň hem-de Ýewropa Parlamentiniň wekilleriniň gatnaşmagynda «Türkmenistan-Ýewropa Bileleşigi» Parlamentara Dialogynyň 8-nji mejlisi geçirildi.

Duşuşygyň barşynda Ýewropa Parlamentiniň wekiliýetiniň başlygy Juzi Prinçi we wekiliýet agzalary Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary, ýurdumyzda adam hukuklaryny üpjün etmek, gender deňligi, ýaşlar syýasaty, ylym-bilim, durmuş üpjünçiligi, ekologiýa abadançylygy ýaly ugurlarda amala aşyrylýan maksatnamalaýyn işleri kanunçylyk taýdan üpjün etmek babatda alnyp barylýan işler bilen tanyşdyryldy.
Türkmen tarapy «Türkmenistan-Ýewropa Bileleşiginiň» bilelikdäki komitetiniň we «Türkmenistan-Ýewropa Bileleşiginiň» Parlamentara Dialogynyň alyp barýan işiniň özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýardam edýändigini belledi. Şeýle hem ýurtda adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak babatda «Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2021–2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň Milli meýilnamasyny» we «Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2021–2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň Milli meýilnamasyny» durmuşa geçirmegiň möhüm ähmiýetini belläp geçdi.
Taraplar Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda soňky wagtda gazanylan ylalaşyklaryň, dürli ulgamlarynda durmuşa geçirilýän işleri kanunçylyk taýdan üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleriň, kanun çykaryjylyk ulgamynda tejribe alyşmagyň, şeýle hem Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşiginiň döwletleri bilen köpugurly gatnaşyklaryny has-da giňeltmek üçin döwrebap binýady kemala getirmäge ýardam edýän parlament wekilleriniň duşuşyklaryny hem-de okuw maslahatlaryny yzygiderli geçirmegiň ähmiýetini bellediler.


şu gün 18:57
658

TDHÇMB-niň söwdalarynda geleşikleriň bahasy $19 milliondan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 54-üsi hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

13.06.2026 16:30
957

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

13.06.2026 12:20
981

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
7.2k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......