Dünýägözel Gulmanowa parlamentara gatnaşyklaryny ösdürmek maksady bilen Türkiýede saparda boldy

  • 26.02.2025 16:52
  • 9.6k+

24-25-nji fewralda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkiýe Respublikasynda iş saparynda boldy. Saparyň barşynda türk parlamentiniň ýokary wezipeli ýolbaşçylary bilen duşuşyklar geçirildi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, 24-nji fewralda D.Gulmanowa bilen Türk-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Haluk Ipek bilen duşuşdy. 25-nji fewralda bolsa, Türkiýäniň Parlamentiniň binasynda Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Numan Kurtulmuş bilen duşuşdy.
Duşuşyklaryň barşynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen, BMG-niň Baş Assambleýasynyň «2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamasynyň kabul edilmeginiň ähmiýeti nygtaldy hem-de Türkiýe Respublikasynyň bu teklibi goldandygy üçin türkmen tarapy hoşallyk sözlerini aýtdy.
D.Gulmanowa saparyň çäklerindäki duşuşyklaryň we gepleşikleriň ikitaraplaýyn parlamentara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ýardam berjekdigine ynam bildirdi. Şeýle hem Türkmenistanyň Türkiýe bilen parlamentara gatnaşyklaryna ýokary baha berýändigini we ony ähli ugurlar boýunça mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny beýan etdi.
Soňra Türkmenistanyň parlament wekiliýeti türkmen-türk parlamentara geňeşmeleriniň işine gatnaşdy.
Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki gün tertibi boýunça giňişleýin pikir alyşmalaryň dowamynda taraplar şu gezekki duşuşygyň parlamentara gatnaşyklaryny giňeltmek we ösdürmek üçin netijeli meýdança bolup hyzmat etjekdigini nygtadylar.

 

Şeýle hem Dünýägözel Gulmanowa we Numan Kurtulmuş köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen duşuşdylar.
Duşuşygyň dowamynda taraplar geçirilen duşuşyklaryň netijelerine ýokary baha bermek bilen, ähli ugurlar boýunça ýola goýlan hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny parlament diplomatiýasynyň üsti bilen goldamaga taýýardyklaryny bellediler. 
25-nji fewralynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti meýilnama laýyklykda guralan medeni çäreleriň çäginde Türkiýe Respublikasynyň Beýik Millet Mejlisiniň ilkinji binasyna we muzeýine, Ankara galasyna, Ankara şäherindäki «Hamamönü» atly gadymy şäherçä aýlanyp gördüler.  Şeýle hem Türkiýe Respublikasynyň ilkinji Prezidenti Mustafa Kemal Atatürküň hormatyna «Anytkabyr» aramgähine gül goýmak dabarasyna gatnaşdylar. 


27.06.2026 19:38
5k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.8k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......