Antarktidada 120 million ýyl ozal ýaşan gadymy megaraptorlar tapyldy

  • 26.02.2025 00:15
  • 10k+

Paleontologlar mel döwrüniň syryny açdyrlar: 120 million ýyl mundan ozal ýyrtyjy dinozawrlar Antarktidanyň üsti bilen Günorta Amerikadan Awstraliýa syýahat edipdirler. Journal of Vertebrate Paleontology žurnalynda beýan edilen tapyndylaryň arasynda dünýäniň iň gadymy megaraptor galyndylary we Awstraliýadaky karharodontozawrlaryň ilkinji subutnamalary bar.


Wiktoriýa muzeýiniň we Monaş uniwersitetiniň gözlegçileri Wiktoriýa ştatynyň kenarynda Streletski (121,4-118 million ýyl ozal) we Eumeralla (113-108 million ýyl ozal) formasiýalarynda bäş sany galyndy tapdylar. Galyndylaryň arasynda uly megaraptoridleriň (6-7 m), ownuk karharodontozawrlaryň (2–4 m) we ýyndam unenlagiýalaryň (1 m töweregi) süňkleri bardyr.

Taslamanyň aspiranty Jeýk Kotewski karharodontozawrlary "üstünlik" diýip atlandyrdy.
Ol: "Günorta Amerikada olaryň boýy 13 metre ýetip, agdyklyk edýärdiler, ýöne Wiktoriýada megaraptorlar öňe geçýärdi" -diýdi.


Bu açyşlar, Wiktoriýanyň ekosistemasynyň özboluşlylygyny görkezýän Gondwana teropodlarynyň ewolýusiýasyny täzeden ýazýarlar. Şeýle hem materikleriň arasynda fauna alyş-çalşygyny tassyklaýarlar.
2022-2023-nji ýyllarda meýletinçi Melissa Louriniň tapan üç sany galyndysy dinozawrlar, guşlar we pterozawrlar ýaly müňlerçe galyndylary ylma bagyş eden “Dinozawrlar hakda arzuwlar” taslamasynyň bir bölegi boldy.


düýn 10:53
1.6k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
3.9k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.1k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....