Türkmenistan BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna taýýarlyk görýär

  • 25.02.2025 12:07
  • 3.8k+

2025-nji ýylyň ikinji ýarymynda Türkmenistanda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny (LLDC 3) geçirmek meýilleşdirilýär. 24-nji fewralda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Aşgabada ilkinji gezek sapar bilen gelen BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, Az derejede ösen, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar hem-de kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekili Rabab Fatimanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň arasynda geçirilen duşuşykda maslahata taýýarlyk meselelerine garaldy.

Taraplar bu çäräniň dünýä möçberindäki ähmiýetini nygtadylar hem-de maslahatyň gün tertibi, protokol-guramaçylyk meseleleri, şol sanda Jemleýji we beýleki resminamalaryň taslamalaryny taýýarlamak bilen bagly meseleler boýunça giňişleýin pikir alyşdylar.
Söhbetdeşler bu çäräniň ulag we sanly arabaglanyşygy gowulandyrmak hem-de dünýä ýurtlarynyň söwda-ykdysady mümkinçiliklerini açmak arkaly durnukly ösüş, ekologiýa we azyk howpsuzlygy ugurlarynda anyk hereketler üçin netijeli meýdança boljakdygyna ynam bildirdiler. Munuň özi Türkmenistanyň milli bähbitlerine hem-de daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyk gelýär.
500 milliondan gowrak ilaty bolan 32 sany deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň geografiki ýerleşişleri bilen baglanyşykly umumy wehimlere eýediklerini, munuň bolsa olaryň dünýäniň beýleki ýurtlary bilen ykdysady gatnaşyklaryna täsir edýändigini bellemek zerurdyr.


düýn 18:57
1.3k+

TDHÇMB-niň söwdalarynda geleşikleriň bahasy $19 milliondan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 54-üsi hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

13.06.2026 16:30
984

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

13.06.2026 12:20
1k+

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
7.2k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......