SpaceX Ýeri kosmosdaky howplardan gorajak teleskopy uçurar

  • 24.02.2025 13:35
  • 1.6k+

SpaceX kompaniýasy täze planetar gorag kosmos teleskopyny uçurmak üçin şertnama baglaşdy. Öňki NEOWISE teleskopy 2024-nji ýylyň 8-nji awgustynda öçürilipdi we şol ýylyň 1-nji noýabrynda Ýeriň atmosferasynda ýanypdy. Onuň ornuna täze NEO Surveyor infragyzyl kosmos obserwatoriýasy taýýarlandy. Täze teleskop 2027-nji ýylyň sentýabrynda ýa-da ondan soň uçurylar. NEO Surveyor heniz ýüze çykarylmadyk kosmos jisimlerini anyklamak bilen, Ýeriň gorag ulgamyndaky kemçilikleri dolar.

NASA bilen SpaceX kompaniýasynyň baglaşan şertnamasynyň üýtgewsiz bahasy 100 million dollardyr. Bu möçbere SpaceX Falcon 9 raketasy arkaly Floridadan uçurmak hem-de degişli infrastruktura çykdajylary degişlidir. Uçuşyň takyk senesi we ýüküniň agramy häzirki wagtda hem anyk däl.
NEO Surveyor obserwatoriýasy Gün bilen Ýeriň arasyndaky «L1 Lagraňž nokadyna» ýerleşdiriler. Teleskopyň 50 sm-lik datçikleri iki infragyzyl diapazona duýgur bolar. Emma olar sowadyjy kriogen ulgamlary bilen enjamlaşdyrylmaz. Teleskop we onuň datçikleri Günüň şöhlelerinden ýörite gorag ekranlary arkaly goralar, şeýlelikde ol uzak wagtlap hyzmat edip biler.
Infragyzyl duýgurlygynyň kömegi bilen, NEO Surveyor asteroidleriň ululygyny we olaryň düzümini takyk kesgitläp biler. Alymlaryň çaklamalaryna görä, heniz anyklanmadyk potensial howply kosmos jisimleriniň azyndan üçden bir bölegi Ýeriň 50 million km-lik radiusynda ýerleşýär. Ýeriň we adamzadyň geljegi üçin şeýle jisimleri, esasanam diametri 140 metrden uly bolanlary tapmak örän möhümdir. Şeýle ululykdaky kosmos daşlary eger-de Ýere gaçsa, bütin sebitleri ýok edip, planetanyň howa şertlerini onlarça, hatda ýüzlerçe ýyllap üýtgedip biler.


şu gün 20:49
22

Ilon Mask SpaceX üçin bütin dünýäde kosmos portlarynyň ulgamyny gurmak barada meýilnamasyny yglan etdi

SpaceX kompaniýasynyň baş direktory Ilon Mask ABŞ-da we beýleki ýurtlarda täze kosmos portlarynyň ulgamyny gurmak meýilnamasyny yglan etdi. Kompaniýa raketa uçuryşlarynyň sanyny ep-esli artdyrmakçy bolýar....

şu gün 11:43
1.2k+

Curiosity-niň we Perseverance-iň täze panoramalary Marsyň hemme ýeriniň gyradeň däldigini ýüze çykardy

Curiosity we Perseverance mars rowerleri Ýere täsirli täze panoramalary iberdiler, olarda Marsyň landşaftynyň haýran galdyryjy derejede dürlüdigini aýdyň görkezdi....

şu gün 06:43
4.3k+

NASA Argentinada ägirt uly ýürek şekilli reňkli köli görkezdi: ýöne onuň reňki näme sebäpden gülgüne?

NASA Argentinanyň Buenos-Aýres welaýatyndaky Salinas-Las-Barrankas duzly howdanynyň gaýtalanmajak suratyny çap etdi. Giňligi takmynan 10 kilometre barabar bolan we ýürek şekilini ýatladýan bu suw howdany......

12.05.2026 23:21
6.8k+

Mehiko her aýda 1,5 santimetr ýere çökýär: NASA howply ýagdaýy hasaba aldy

NASA-nyň radiolokasiýa ulgamynyň maglumatlaryna görä, Meksikanyň paýtagty Mehiko şäheri her aýda ortaça 1,5 santimetr ýere çökýär....