Beýik Hytaý diwary 300 ýyl “garrady”: onuň iň gadymy bölegi tapyldy

  • 24.02.2025 07:39
  • 6.6k+

Hytaýda arheologlar Beýik diwaryň iň gadymy bölegini tapdy. Onuň ýaşy öňki hasaplamalardan 300 ýyl uly boldy.

Bu bölek giçki Günbatar Çžou nesilşalygy döwründe (b.e.öň 1046-771 ý.) we irki Ýazlar we Güýzler döwründe (b.e.öň 770-476 ý.) gurlupdyr.
Gazuw-agtaryş işleri 2024-nji ýylyň maý aýyndan dekabr aýy aralygynda Şandun welaýatynyň Çansin etrabynda geçirildi. Gözleg Guanli obasynda 1100 inedördül metr meýdany eýeledi. Bu Min nesilşalygynyň belli diwaryndan öňki Si Beýik diwarynda alnyp barlan ilkinji uly gerimli işlerdir.
Söweşýän şalyklaryň döwründe (b.e.öň 475-221 ý.) gurlan Si diwary döwleti daşarky howplardan, esasanam, Hytaýyň demirgazygyndaky ýerleri eýelän türk çarwa taýpalary bolan hunlaryň hüjümlerinden gorapdyr. Belläp geçsek, VI asyrda hut hun nesilleri Türk Kaganlygyny döredip, özlerini “asman türkleri” – Göktürkler diýip atlandyryp başlapdyr.
Tapyndynyň ýaşyny tassyklamak üçin arheologlar OSL we radiouglerod seljermesi ýaly öňdebaryjy usullary ulandy.
Diwaryň golaýynda ylmy gözlegçiler Si döwletiniň goragynda möhüm rol oýnan gadymy Pinin obasyny tapdy. Taryhy tekstler ony ulag ýollaryny gözegçilikde saklan esasy strategiki nokat hökmünde suratlandyrýar.


22.06.2026 23:12
3.8k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

19.06.2026 19:49
4.8k+

Saud Arabystanynda ilkinji halyflaryň biriniň ady ýazylan ýazgylar tapyldy

Saud Arabystanynyň Al-Mahd welaýatynda arheologlar yslam taryhynyň ikinji halyfy Omar ibn al-Hattabyň ady ýazylan gaýa ýazgylaryny tapdy....

18.06.2026 11:17
5k+

Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagy Filippinlerdäki tebigy betbagtçylyk bilen baglanyşdyryldy

Filippinlerde 1640-njy ýylda bolup geçen Parker wulkanynyň atylmagy Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagyna täsir eden esasy şertleriň biri bolup biler. Bern uniwersitetiniň Taryh institutynyň gözlegçisi Riçard......

18.06.2026 10:28
1.5k+

Mejlisde Hytaýyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisinde milli Parlamentiň wekilleriniň Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşygy boldy. Bu barada Mejlisiň metbugat gullugy habar berýär....