Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda Türkiýäniň we Hytaýyň wekilleri bilen duşuşyklar geçirildi

  • 24.02.2025 07:32
  • 4.6k+

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda Türkiýäniň Içeri işler ministrliginiň Migrasiýa müdirliginiň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň saýtynda habar berilýär.

Şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň geňeşçisi hanym Hua Çžun bilen duşuşyk geçirdiler.
Duşuşyklaryň barşynda taraplar däp bolan döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesini bellemek bilen, migrasiýa pudagynda türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň geljegini we mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem migrasiýa syýasaty babatynda Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky hyzmatdaşlygy artdyrmak we güýçlendirmek meselelerine garaldy.


düýn 20:55
2.5k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......