Saud Arabystanynda iň tiz we iň beýik amerikan demirýol depejikleri gurlar

  • 23.02.2025 18:37
  • 12k+

Saud Arabystanynyň Kiddiýa şäher seýilgähinde meýdany 376 inedördül kilometr bolan Six Flags tematiki seýilgähiniň gurluşygy tamamlanyp barýar. Onuň çäginde dünýäde iň tiz we iň beýik amerikan demirýol depejikleri (roller coaster) peýda bolar diýip, The Sun ýazýar.

Falcon’s Flight attraksiony dünýäde iň tizi we iň beýigi bolar. Onuň uzynlygy 4 km töweregi bolup, iň ýokary beýikligi 195 metre ýeter. Wagonjyklar tizligini 250 km/sag çenli artdyryp biler, aşak gaýtmalaryň biri bolsa depeden 158 m beýiklikden bolar. Oňa birbada 14 adam ýerleşip biler, wagonlar ýelden we çägeden goramak üçin egri aýnalar bilen üpjün ediler.
Häzirki wagtda bu amerikan depejiginde tizlik rekordy Ýakyn Gündogaryň başga bir ýurduna degişli – Ferrari World Abu Dhabi seýilgähindäki wagonjyklar tizligini 240 km/sag çenli artdyrýar.
Six Flags seýilgähiniň açylyşy 2025-nji ýylyň ahyryna meýilleşdirilýär, ýöne takyk sene heniz yglan edilmedi. Onda, umuman alanyňda, 28 attraksion ýerleşer.


25.06.2026 23:36
5.9k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.3k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......