«Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa» görnüşdäki duşuşyklaryň guramaçylyk meseleleri maslahatlaşyldy

  • 20.02.2025 15:51
  • 2k+

19-njy fewralda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň we Ýewropa Bileleşiginiň wekilleriniň wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly iş duşuşygy geçirildi.

Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, gepleşikleriň dowamynda taraplar şu ýylyň mart we aprel aýlarynda geçiriljek «Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa» görnüşdäki duşuşyklar bilen baglanyşykly guramaçylyk meselelerini jikme-jik gözden geçirdiler.
Iş duşuşygyna gatnaşyjylar Merkezi Aziýa bilen ÝB-iň arasyndaky gatnaşyklaryň iň ýokary syýasy derejede işjeňleşýändigini bellediler.


şu gün 19:38
104

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

şu gün 19:26
128

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

düýn 20:55
2.6k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......