Maý aýynda Aşgabatda Howanyň üýtgemegi boýunça Merkezi Aziýa konferensiýasy geçiriler

  • 20.02.2025 14:39
  • 4.7k+

13-15-nji maý aralygynda Aşgabatda Howanyň üýtgemegi meseleleri boýunça Merkezi Aziýa konferensiýasy (CACCC-2025) geçiriler. Maslahatda halkara guramalarynyň wekilleri we bilermenler klimat başlangyçlaryny maliýeleşdirmek, sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak hem-de klimat kynçylyklaryna garşy durnuklylygy ýokarlandyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşarlar.

Foruma Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet edaralarynyň wekilleri, halkara guramalar hem-de bilermenler gatnaşarlar.
Sebitiň ýurtlarynyň howanyň üýtgemegine garşy göreşde gazanan üstünlikleri beýan ediler, maliýe serişdelerini çekmek gurallary we Milli derejede kesgitlenýän goşantlaryň (MDKG 3.0) üçünji wersiýasy boýunça alnyp barylýan işler maslahatlaşylar. Şeýle hem "ýaşyl" ykdysadyýet, suw we energiýa howpsuzlygy meseleleri gozgalar.
Maslahata gatnaşmak üçin ýüz tutmalar 2025-nji ýylyň 28-nji fewralyna çenli kabul edilýär. Wekiller onlaýn görnüşde hem gatnaşyp bilerler. Hasaba alyş sowalnamalary şu salgydan elýeterlidir.
Çäräniň guramaçylary hökmünde Merkezi Aziýanyň sebitleýin ekologiýa merkezi (CAREC), Bütindünýä Banky, Merkezi Aziýa üçin Suw we energiýa maksatnamasy (CAWEP), RESILAND CA+ maksatnamasy we Germaniýanyň Halkara Hyzmatdaşlyk Jemgyýeti (GIZ) çykyş edýärler.


düýn 20:55
2.5k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......