Serdar Berdimuhamedow diplomatlary «Türkmenistanyň ussat diplomaty» nyşany bilen sylaglady

  • 19.02.2025 09:41
  • 3.4k+

Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň işgärlerini «Türkmenistanyň ussat diplomaty» diýen tapawutlandyryş nyşany bilen sylaglamak hakynda Karara gol çekdi.

Bellenilişi ýaly, bu resminama Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygyny, Bitaraplygyny berkitmekde, daşary syýasat ugruny durmuşa geçirmekde, syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki gatnaşyklaryny ösdürmekde, döwlet bähbitlerini goramakda gazanan uly üstünliklerini, diplomatik gullugy ulgamynda köp ýyllaryň dowamynda çeken halal we göreldeli zähmetini nazara alyp, şeýle hem Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli gowşuryldy.
Resminama laýyklykda, şu diplomatlar «Türkmenistanyň ussat diplomaty» diýen tapawutlandyryş nyşany bilen sylaglanyldy:

  • Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky (Minsk şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nazarguly Şagulyýew,
  • Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky (Yslamabat şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Atajan Nurlyýewiç Möwlamow,
  • Türkmenistanyň Owganystandaky (Mazari-Şarif şäheri) baş konsuly Bazarbaý Arazmetowiç Kabaýew.

27.06.2026 19:38
5.3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......