Xiaomi SU7 Ultra Şanhaýdaky “Formula-1” ýolunda rekord goýdy

  • 18.02.2025 08:02
  • 4k+

Xiaomi Motors 1548 at güýjüni berýän Xiaomi SU7 Ultra elektrik giperkarynyň Şanhaý halkara awtodromynda täze rekord goýandygyny habar berdi. Ol bu aýlawy 2 minut 9,944 sekuntda geçdi.

Bu görkeziji Porsche Taycan Turbo GT-niň netijesinden has gowy bolup, SU7 Ultra-ny bu ýolda iň tiz tapgyrlaýyn awtomobile öwürýär diýip, ITHome ýazýar.
Porsche-niň Hytaýdaky ofisi bu mynasybetli Xiaomi-ni gutlap, Weibo sosial ulgamynda “Indiki ýolda görüşeris” diýip ýazdy.

“Bu haýran galdyryjy täzelik. Ýöne bu biziň Porsche-den öňe geçendigimizi aňlatmaýar. Meniň ýüregimde Porsche henizem dünýäde iň gowy awtoulag bolmagynda galýar, Porsche henizem biz üçin nusga!” – diýip, Xiaomi-niň ýolbaşçysy Leý Szýun jogap hökmünde ýazdy.

Xiaomi SU7 Ultra-nyň güýç enjamynyň kuwwaty 1548 at güýjüne barabar bolup, 1,98 sekuntda tizligini 100 km/sag çenli artdyrýar. Onuň iň ýokary tizligi 350 km/sag ýetýär.
Hytaýda eýýäm Xiaomi SU7 Ultra üçin deslapky sargytlar kabul edilýär. Başlangyç baha – 814 900 ýuan ($112 000). 


26.06.2026 00:00
2.6k+

10 minutlap sürüjisiz: Xiaomi YU7 GT «Nýurburingde» rekord goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrokrossoweri «Nýurburing-Nordşlaýfe» ýoluny awtonom ýagdaýda (sürüjisiz) geçen ilkinji ulag boldy. Kompaniýanyň habar bermegine görä, maşyn 20,8 kilometrlik aýlawy 10 minut 29,483 sekuntda......

24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

24.06.2026 17:04
3.2k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

24.06.2026 08:16
3.1k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......