Serdar Berdimuhamedow welaýatlarda oba hojalyk işleriniň barşy bilen gyzyklandy

  • 18.02.2025 00:12
  • 8.2k+

17-nji fewralda Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berilýär.

Maslahatyň dowamynda welaýatlaryň häkimleri we wise-premýer T.Atahallyýew ýurdumyzda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdiler.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, ýetişdirilýän oba hojalyk ekinleriniň hiliniň agrotehniki kadalaryň berjaý edilmegi bilen berk baglanyşyklydygyny, şoňa görä-de, ýerine ýetirilýän ähli oba hojalyk işlerinde, şol sanda bugdaýa ideg etmek we ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak işlerinde bu kadalaryň berjaý edilmeginiň zerur talap bolup durýandygyny belledi we bu babatda anyk tabşyryklary berdi.
Soňra döwlet Baştutany iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, welaýatlaryň gowaça ekiljek ýerlerinde tekizleýiş, çil we geriş çekmek, ýuwuş suwuny tutmak işleriniň geçirilişini berk gözegçilikde saklamagy,  ekiş möwsümine çenli pagta öndürijileri ýokary hilli gowaça tohumlary bilen üpjün etmek üçin ähli zerur işleri geçirmegi, welaýatlaryň bugdaý meýdanlarynda ideg işleriniň agrotehniki kadalara laýyk geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.
Şunuň bilen birlikde, Serdar Berdimuhamedow ýeralma hem-de gök-bakja ekinleriniň ýazky ekişine tohumlary we ýerleri talabalaýyk taýýarlap, ekişiň depginini güýçlendirmegi, welaýatlarda pagta we bugdaý öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda ýerine ýetirilen işler üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegini üpjün etmegi, welaýatlarda ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň we çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işledilmegini, ilatyň elektrik energiýasy, tebigy gaz we agyz suwy bilen üpjünçiligini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.


düýn 22:09
645

Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkentde geçirilen TIIF-2026 maýa goýum forumyna gatnaşdy

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 16—18-nji iýun aralygynda Özbegistanyň paýtagtynda geçirilen bäşinji Daşkent halkara maýa goýum......

düýn 18:14
513

Aşgabatda türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirilýär

17-nji iýunda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi öz işine başlady. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, bu çärä gatnaşmak......

düýn 12:31
3.9k+

Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynda galla oragynyň barşy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, sebitde dowam edýän galla oragynyň barşy bilen tanyşdy. Bu barada TDH habar berýär....

düýn 09:55
644

Türkmenistan «MA – Koreýa Respublikasy» birinji sammitiniň taýýarlyk işlerine gatnaşdy

16-njy iýunda Daşkent şäherinde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» formatyndaky döwlet Baştutanlarynyň birinji sammitine taýýarlyk görmek......