«Rosteh» özbaşdak ýangyn söndürýän roboty hödürledi

  • 14.02.2025 05:48
  • 3.5k+

Russiýanyň «Rosteh» döwlet korporasiýasy iň täze işläp düzen enjamyny – «ANT 1000PM» atly robotyny tanyşdyrdy. Bu täsin robot ýangyn söndürijileriň janyna howp salýan aşa kyn şertlerde ýangyna garşy göreşmek üçin niýetlenendir.

Robotyň synaglary Russiýanyň Adatdan daşary ýagdaýlar ministrligine (МЧС России) degişli WNIIPO Federal döwlet býujet institutynyň (ФГБУ ВНИИПО) Orenburg şäherindäki şahamçasynda geçirildi. Operator tarapyndan uzakdan dolandyrylan robot geçirilen synagda ýangyny üstünlikli öçürmegi başardy. Bu barada «Rosteh» döwlet korporasiýasynyň «Высокоточные комплексы» (Takyk toplumlar) holdinginiň Telegram kanalynda habar berildi.

Daşky görnüşi boýunça robot gyzyl reňkli ýük göteriji lifti ýada salýar. Robotyň kranynyň hereket edýän tirkeg bölegine suw-ýelim garyndyly ežektor nasadkaly ätiýaçlyk çelegi ýerleşdirildi. Bu enjam oduň üstüne 60 metre çenli suw sepmäge mümkinçilik berýär.
Mundan başga-da ýangyn söndürýän robot manipulýatorlar arkaly weýran bolan ýeri arassalap bilýär, bu bolsa ýangynyň netijelerini çalt aradan aýyrmaga ýardam berýär.
Daşky kameralary we datçikleri (duýujy enjamlary) wakanyň bolan ýerindäki ähli jikme-jikleri doly habar berip berýär, bu bolsa ýangyn bilen göreşde ony çalşyp bolmajak kömekçä öwürýär.


düýn 10:53
1.6k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.2k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....